logo

Latest news:
✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦ ✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦
Home / Interesting /Çemen bogmak sungaty
  03.06.2023
1425
Çemen bogmak sungaty

Biler bolsaňyz, gül bu tebigatyň owadan, ajaýyp bezegidir. Ol owadan güller ýeke bir tebigatyň bezegi bolmak bilen çäklenmän, eýsem olardan taýýarlanan gül desseleri ýa-da gül çemenleri zenan maşgalalar üçin iň oňat sowgatlaryň biri hasaplanýar. Güllerden çemen ýasamak işleri köp zähmeti talap edýär. Ýöne, bu işiň hem özüne mahsus lezzeti bolýar. Güllerden çemen ýasamak işlerine ilkinji ädilen ädimler, has gadymy döwürlerde adamlaryň arasynda güýmenje hökmünde ýüze çykyp başlapdyr. Soňra wagtyň geçmegi bilen bu sungata adamlaryň arasynda uly gyzyklanma döräp başlapdyr. Gül çemenleri zenan maşgalalar üçin dürli baýramçylyklarda ajaýyp sowgatlaryň biri bolup bilýändigini göz öňüne tutsak, onda bu sungat öz ähmiýetini we gymmatyny hiç haçan ýitirmeýär.

Gülden çemen taýýarlananda ilki bilen bu sowgadyň kim üçindigi we sowgady kabul edýän adamyň nähili güli halaýandygy göz öňüne tutulýar. Gül desseleri köplenç, gorizontal ýa-da dik (werikal) ýagdaýda taýýarlanylýar. Eger, 8 sany gülden gül dessesini dik ýagdaýda taýýarlamaly bolsa, hökmany 8 sany gülüň 3 sanysynyň baldaklary uzyn, 5 sanysynyňky bolsa gysga bolmaly. Gorizontal ýagdaýda gül desseleri taýýarlananda bolsa, onuň tersine bolýar. Gülleriň baldaklarynyň diametri 1,5 sm töweregi bolsa, gül çemenleri has ykjam bolýar. Gülden çemen taýýarlananda olaryň sowgat beriljek ýerlerine görä, dürli bezeg işleri geçirilýär. Meselem, täze ýyl sowgady hökmünde taýýarlananda gülleriň arasyna dürli süýji önümleri, täze bolan çagany gutlamakda bolsa, gülleriň arasyna kiçijik oýnawaçlar goşulýar. Gül desseleriniň bezeg işlerinde ewkaliptiň we paporotnigiň ýapraklary hem ulanylýar.

Gül çemenlerini uzak wagtlap ter görnüşinde saklamak üçin ýaşaýşynyň dowamlylygy uzak bolan gülleri saýlamaly we salkyn ýerde saklamaly. Olaryň suwuny bolsa 1-2 günden täzeläp durmaly. Mundan başga-da, gül çemenlerini ýasamakda kesilip alnan gülleriň saklanýan gurşawynyň temperaturasyny sazlamak zerurdyr. Mysal üçin, kesilip alnan güller 50 C, gladiolusy we orhideýany bolsa 100 C saklamaly. Bägülüň saklanýan suwuny her 2 sagatdan çalşyp durmaly.

Gül çemenleri taýýarlananda, birinjiden maşgalalary, daşky keşbi birmeňzeş bolan gülleri saýlamaly. Ikinjiden, reňkleriň sazlaşygyny üpjün etmeli we gülleri reňki boýunça biri-birine gapma-garşy goýmaly. Üçünjiden, dürli reňkli öwüşgin atýan gülleri saýlamaly. Dördünjiden, gül çemeniniň töwereginde dürli reňkli güllerden aýlaw ýasamak, oňa has-da owadanlyk berýär.

Her gülüň görnüşi, reňki boýunça öz aňladýan manysy bolýar. Meselem, azaliýa - wepadarlygy, gladiolus - bakylygy, kalla - deňligi, orhideýa-owadanlygy, pion-mylaýymlygy we baýlygy, lotos - saglygy we bagty aňladýar. Gülüň reňkiniň aňladýan manylarynada seredip geçeliň, gyzyl reňk - söýgüni we yhlasy, goýy gülgüne - hoşallygy, ak reňk - päkizeligi, mawy reňk - dostlugy, sary reňk - şatlygy aňladýar. Häzirki wagtda güller bilen baglanyşykly bu aýdan maglumatlarymyza görä, gül çemenlerini taýýarlamak we ony saýlap bilmek hem örän çylşyrymly meseleleriň biri bolup durýandygyna göz ýetirsek bolýar. 

 

Enebaý ANNALYÝEWA,  

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.