Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” formatynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady ✦ ✦ Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol! ✦ ✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ugurdaş çäreler geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Çagalar baradaky alada — geljek hakda alada
  26.05.2025
179
Çagalar baradaky alada — geljek hakda alada

Geljek nesliň aň taýdan hem-de ruhy taýdan ösüşine çagalyk döwründen başlap uly ähmiýet berilýär. Çaga ilkinji gezek bilim alýan döwri, ýagny çagalar bagyna gatnaýan döwründen başlap, onuň duýgurlygyny, pikirlenmek ukybyny, akyl taýdan ösüşini ösdürmek üçin ýörite sapaklar gurnalýar. Şolaryň arasynda duýgulary ösdürmäge gönükdirilen sapaklar aýratyn orun eýeleýär. Bu sapaklar näçe ir başlansa, netijesi hem şonça täsirli bolýar. Kiçi ýaşly çagalaryň dünýägaraýşynyň giňelmegi, pikirlenmek endikleriniň emele gelmegi, olaryň geljekde mekdepde üstünlik gazanmagy üçin bu ösüş döwründe berilýän bilimler möhüm binýat bolup hyzmat edýär.

 

Çaga ilkinji duýgularyny enesiniň mähirli sesi bilen aýdýan hüwdüsi arkaly duýmaga başlaýar. Şeýle hem oglan-gyz çagalar ene-atasyndan ýa-da ulurak doganlaryndan görelde alyp, olaryň hereketlerini gaýtalamaga çalyşýarlar. Wagtyň geçmegi bilen çagalar bakja-baga gatnap başlaýarlar. Bu ýerde olar terbiýeçiler we deň-duşlary bilen aragatnaşyk saklap, özara gatnaşyklaryň esaslaryny öwrenýärler. Ýurdumyzda çagalaryň döwrebap bilim almagyny üpjün edýän çagalar baglarynyň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy olaryň ösüşine oňyn täsir edýär.

 

Bakjalarda geçirilýän sapaklaryň arasynda duýgulary ösdürmek sapagy möhüm ähmiýete eýedir. Bu sapaklaryň ilkinji döwürlerinde körpeler öz toparyndaky zatlar bilen tanyşdyrylýar we daşky dünýäni synlamaga ugrukdyrylýar. Sesleri tapawutlandyrmak, reňkler baradaky düşünjeleri güýçlendirmek, haýwanlar bilen tanyşmak, olaryň hereketlerini gaýtalamak, haýwanlar bilen baglanyşykly goşgy we aýdymlary diňlemek, seslerine öýkünmek arkaly eşidiş duýgularyny ösdürmek ýaly çäreler çagalarda täze duýgy endikleriniň döremegine ýardam edýär.

 

Şeýle hem çagalaryň duýgurlygyny ösdürmekde gezelençleriň dürlüligi we maksadalaýyk guramaçylygy möhüm orny eýeleýär. Çagalar baglarynda ýörite taýýarlanan okuw maksatnamalarynyň çäginde berilýän sapaklar çagalaryň ilkinji düşünjelerini berkitmäge, başarnyk we endikleriniň kemala gelmegine mümkinçilik döredýär. Bu bolsa olaryň aň-paýhas taýdan sagdyn, parasatly, döredijilikli şahslar bolup ýetişmeginde esas bolup durýar.

 

Belläp geçsek, ÝUNISEF çagalary üns merkezine almak bilen, Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny goraýar. Şeýle-de häzirki döwürde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ugurdaş düzümler, abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Munuň özi türkmen halkyna mahsus ynsanperwer ýörelgeleriň bütin dünýäde rowaçlanmagyna giň ýol açýar.

 

Orazgeldi GURBANSÄHEDOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.