logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Interesting /Buzgaýmagyñ  taryhy
  28.05.2022
2184
Buzgaýmagyñ  taryhy

  Buzgaýmak ilkinji Hytaýda oýlanyp tapyldy. Buzgaýmagyñ taryhynyň näçe müň ýyllygy belli däl: 4 ýa-da 5 müň ýyl mundan ozal döräpdir. Şol döwürde höküm süren imperator Tang yssylyga çydaman hyzmatkärlerine günüň yssy günlerinde salkyn boljak saçak tapmagy buýrupdyr. Oña hyzmatkärleri täze konditer önümlerini  hödürläpdirler: adaty gar bilen garylan süýji dilimlenen miweler (lychee, mandarin, yangmei). Bu saçak imperatoryň iň gowy görýän nepisligine öwrüldir we ýüzlerçe ýyllap gizlin saklandyr. Ilkinji gezek miweli buzuň taýýarlanyşy Hytaýyň "Şi-jing" aýdymlar kitabynda agzalyp geçilipdir. Kitabyň Konfusiýden başga hiç kim tarapyndan düzedilmändigi aýdylýar. Şirinligiň meşhurlygy bütin dünýä ýaýrady we tiz wagtdan ABŞ-da üýtgeşik nepislik peýda boldy. XVII asyryň ahyrynda Çikagoda we Nýu-Yorkorkda ilkinji eskimo buzgaýmagyny öndürýän zawod peýda boldy.  1843-nji ýylda Amerikaly Nensi Jonson el bilen buzgaýmak garyndysyny oýlap tapdy. Ol bu oýlap tapyşyny jemgyýet köpçüligine ornaşdyryp bilmedi we 1851-nji ýylda düýbünden başga bir adam Jeýkob Fassl Nensi Jonsonyň ösüşine esaslanyp buzgaýmak öndürmek üçin söwda ugruny ilkinji bolup işe girizdi. Şondan bäri bütin dünýäde buzgaýmagy garyşdyrmak we sowatmak üçin mehaniki maşynlar oýlanyp tapyldy. 1902-nji ýylda senagat doňduryjynyň oýlanyp tapylmagy bilen buzgaýmagyñ önümçiligi täze derejä çykdy. 10-njy iýunda süýji baýramçylyk - Bütindünýä doňdurma güni. Dondurma güni Russiýada, Ukrainada, Belarussiýada, Gazagystanda we başga döwletlerde köp ýyl bäri bellenilip geçilýär.Elbetde, dünýäde buzgaýmak öz muşdaklaryny tapar, sebäbi bu çagalaryň we ulularyň iň söýgüli süýjülerinden biridir.

Şemşat Nuryýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyñ talyby