logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Health /Buýanly çörek - saglygyň özeni
  22.04.2023
1256
Buýanly çörek - saglygyň özeni

Buýan – derman senagatynda saglyk üçin ýokary derejede peýdalanylýan otjumak ösümlik  hasaplanylýar. Onuň düzüminde saglygy berkidiji witaminler, belli bir mukdarda mineral maddalar saklanýar. Buýanyň esasy  ugry dümew, sowuklama, üsgülewük, demgysma kesellerini bejermek bolup durýar. Şeýle hem ondan dürli şerbetler  we çörek önümleri taýýarlanýar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň  derman serişdeleriniň ýygyndysyndaky sanawda bu ösümlige 1-nji bäşlikden orun berilýär. Süýji buýanyň düzüminde ep-esli glisirizin turşusy bolup, bu turşynyň esasynda allergiýa, sowuklama, bronh demgysma we wiruslara garşy derman taýýarlanýar.

Umuman alanyňda buýan 5 müň ýyldan gowrak wagtdan bäri derman serişdesi hökmünde ulanylýar. Onuň kökünde wiruslaryň işjeňligini peseldiji birleşmeler saklanýar. Şonuň üçin hem geljekde ýene-de derman senagatynda buýan ösümliginiň ulanylyşynyň yzygiderli ösmegine garaşylýar. Belli bir wagtyň özünde beýleki pudaklarda hem buýan ösümligi ulanylýar: ýagny, azyk senagatynda, kosmetika we ş.m.

Keselleriň öňüni almak maksady bilen dürli görnüşli çörek we çörek-bulka önümlerini taýýarlamak üçin buýan köküniň ekstraktyny ulanmak mümkinçiliklerine seredilýär. Çörek – iň köp sarp edilýän iýmit önümleriniň hataryna girýär we adamyň ömri üçin zerur bolan maddalary öz içine alýar. Çörek we çörek-bulka önümleriniň arzan kaloriýalylygy göz öňünde tutulyp, onuň sarp edilişi yzygiderli artýar. Bu bolsa önümçiligiň göwrüminiň degişli derejede ýokarlanmagyna getirýär. 

 

Annamyrat ANNADOW,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň  Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň 
guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň müdiri, 
l/g podpolkownigi.