logo

Latest news:
✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦ ✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦ ✦ Malaýziýa “Turkmen Travel 2026” sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Dünýä dilleri institutynyň mugallymy halkara bäsleşikde aýratyn üstünlik gazandy ✦ ✦ Sportda iň köp göýberilýän 10 ýalňyşlyk we olardan nädip gaça durmaly ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» malaýziýaly myhmanlary kabul etdi ✦
Home / Nature /Bütindünýä okean güni
  09.06.2023
1570
Bütindünýä okean güni

Ýer ýüziniň ekologiki howpsuzlygyny üpjün etmek häzirki wagtdaky dünýäniň global meseleleriniň biridir. Meselem, tebigatyň tebigy baýlyklaryny goramak, olaryň ýitip gitmezliginiň öňüni almak, antropogen faktorlaryň daşky gurşawa ýetirýän täsirini öwrenmek, olaryň öňüni alyş çärelerini geçirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler ekologiýanyň howpsuzlygyny üpjün etmekde geçirilýän çäreleriň aýdyň mysalydyr.

Ekologiýanyň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly bütindünýä baýramçylyklar dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Şeýle, baýramçylyklaryň biri hem «Bütindünýä okean günüdir». Bu baýramçylyk her ýylyň 8-nji iýunynda bellenilip geçilýär. Bu baýramçylygyň geçirilmegi baradaky pikirler, 1992-nji ýylda Rio-de-Žaneýredo (Braziliýada) «Bütindünýä Ýer şary» atly ylmy-amaly duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy we şol ýyldan soň her ýylyň 8-nji iýuny «Bütindünýä okean güni» diýlip yglan edildi.

Okean biziň planetamyzyň aýrylmaz bir bölegidir. Ýagny, okeanyň ýaşaýjylary we onuň önümleri azyk senagatynyň gymmat bahaly iýmit önümleriniň çeşmesi hasaplanýar. Onuň önümleri ýeke azyk senagatynda peýdalanylman eýsem, derman senagatynda, mikrobiologiki tejribehanalarynda hem ulanylýar.

Alymlar ýer şarynyň suw basseýniniň köp bölegini dört sany okeana birikdirýärler. Olara: Atlantik, Hindi, Ýuwaş we Demirgazyk buzly okeany degişlidir. Häzirki wagtda okean özüniň tebigy florasy we faunasy boýunça alymlary geň galdyryp gelýär. Ýagny, okeanda ylma belli bolmadyk täze-täze janly jandarlaryň üsti açylýar.

Tebigatda howanyň aýlanyşygyny, klimatyň sazlaşygyny üpjün etmekde okean suwlarynyň tutýan orny uludyr. Şeýle hem, okean ýer ýüzüniň esasy belok çeşmesi hasaplanýar. Takmynan, okean özünde saklaýan beloklaryň gory boýunça milliardlarça adamy iýmit bilen  üpjün edip bilýär. Deňiz balyklarynyň özi 200 mln adamy iýmit bilen üpjün edip bilýär. Emma, okeanyň önümleriniň hemmesini ulanyp bolmaýar. Sebäbi, jandarlaryň biriniň ýitmegi tebigatyň ekologiki deňagramlylygynyň bozulmagyna getirýär. Häzirki wagtda berilýän maglumatlara görä, okeanyň ýaşaýjylarynyň 40%-niň ýitmek howpy örän ýokary hasaplanýar. Ýitmek howpy ýokary bolan jandarlaryň 90%-i iri balyklar, 50%-i bolsa korall riflerdir. 

Şonuň üçin tebigata aýawly çemeleşeliň, tebigatyň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanalyň we tebigatymyzy goralyň! 

 

Enebaý ANNALYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.