logo

Latest news:
✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦ ✦ «Sanly geljek-2026» atly bäsleşigiň netijeleri yglan edildi! ✦ ✦ «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly elektron görnüşdäki ylmy žurnal dörediler ✦ ✦ Paýtagtymyzda «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwal geçiriler ✦ ✦ Köpöwüşginli medeni forum üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary ösüş ýolunda ✦ ✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦
Home / Interesting /Bütindünýä kitaphana güni
  26.05.2023
1224
Bütindünýä kitaphana güni

Her ýylyň maý aýynyň 27-sinde  kitap hünärmenleri, kitaphana işgärleri, tankytçylar tarapyndan kitaphana güni uludan bellenilip geçirilýär. Bu günde ähli kitaphana işgärleri, hünärmenleri birek-biregi gutlaýarlar. Hormatlanýan işçiler hormat şahadatnamalary we ýatdan çykmajak sowgatlar bilen sylaglanýarlar. Şol güni medeni çärelere, konsertlere, çykyşlara gatnaşmak hem däpleriň biri hasaplanýar. Ilkinji gezek bu baýramçylyk 1995-nji ýylyň ýylyň 27-nji maýynda Russiýa döwletinde ilkinji gezek bellenilip geçildi. Şol günden bäri  bu baýramçylygyň sosial ähmiýeti ýatdan çykmaz pursatlaryň birine öwrüldi.

Gadymy döwürlerden bäri Kitaphana bu bilim hazynasy  hasaplanýar. Şol wagtlar bir kitaby  ýazmak üçin birnäçe ýyllar gerek bolupdyr. Şonuň üçin ony diňe baý begzadalar pul berip, ýazdyryp, satyn alyp bilipdirler. Ýöne häzirki wagtda islendik bir ýaş nesliň erkin okap kitap satyn almaga mümkinçilikleri bardyr.

Russiýada ilkinji jemgyýetçilik kitaphanasy 1795-nji ýylyň 27-nji maýynda Sankt-Peterburgda  açyldy. Bu kitaphana «Imperial jemgyýetçilik kitaphanasy» diýip atlandyryldy. Soňra 200 ýyldan soň bu senäni dowam etdirmek kararyna gelindi we 1995-nji ýyldan başlap bu baýramçylyk halkara derejesinde bellenilip başlandy. Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylym-bilimine uly üns berilýär. Şoňa jogap edip her bir ýaşlar özüniň ussatlygyny görkezmelidir. 

- Dünýäniň iň uly kitaphanasy Waşingtonda ýerleşýär we «Kongress» kitaphanasy diýlip atlandyrylýar. Onda 30 milliondan gowrak kitaplar, arhiw maglumatlary, wideolar, golýazmalar, suratlar bar.

- Dünýäde iň kiçi kitaphana Nýu-Ýorkda ýerleşip onda bary – ýogy 40 sany kitap  we diňe bir sany okyjy okamaga niýetlenen ýer bar.

- Garwad uniwersitetiniň kitaphanasynda adam derisinden ýasalan gaty üýtgeşik kitaplar bar.

- Iň syrly kitaphana Iwan Grozyň kitaphanasydyr. Onuň ýerleşýän ýeri Moskwadaky Kremliň zyndanynda gizlenen diýen çaklamalar bar. Ol asyrlary boýy gözlenýär, entek üstünlikli netije ýok. 

 

Begenç DÖWLETMYRADOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň talyby.