logo

Latest news:
✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦
Home / Nature /Burunlak maýmyn
  06.06.2023
1659
Burunlak maýmyn

Tebigatyň täsinliklerine göz aýlasak, bu maýmynlar görenleri haýrana goýýar. Burunlak maýmynlar Primatlar otrýadynyň bir bölegi hökmünde inçe bedenli maýmynlar toparyna degişli. Bu maýmynlaryň beýlekilerden tapawutly tarapy burnunyň hyýar ýaly uly bolmagydyr. Ýöne beýle alamatlar diňe olaryň diňe erkek osoblaryna mahsusdyr. Maýmynlaryň adynyň gelip çykmagy hem şonuň bilen baglanyşyklydyr.

Burunlak maýmynlar tropiki tokaýlarda, suwluk ýerleriň boýlarynda ýaşaýarlar we gündizlerine işjeňdirler. Olar agşamyna we gijesine dynç alýarlar, işjeňliginiň iň ýokary derejesi günüň günortan wagtlary hasap edilýär. Olar agaçlaryň gabyklary we ýapraklary bilen iýmitlenýärler. Burunlak maýmynlaryň elleri, aýaklary we guýrugy çal, saçsyz ýüzi bolsa gyzyl reňklidir. Burnunyň ululygy 66-75 sm, guýrugy bolsa bedeniniň uzynlygyna deňdir. Erkekleriniň agramy 16-25 kg, aýallarynyňky bolsa erkekleriniň agramyndan 2 esse azdyr.

Olar ajaýyp ýüzüjilerdir, göni agaçlardan suwa böküp, 20 metre çenli geçip suwuň aşagynda hereket edip bilýärler. Bu maýmynlar adamlar bilen bir hatarda iki aýakda dik uzak aralyklary geçip bilýän ýeke-täk primatlardyr. Olar topar bolup ýaşaýarlar. Her topary  10-30 maýmyndan ybarat. Erkekleri kämillik ýaşyna ýetende doglan toparyny terk edýärler, aýallary bolsa şol ýerde galýarlar. Olaryň topar bolup ýaşamagynyň esasy maksady iýmit gözlemekde we dynç almakda howpsuzlygy gazanmakdyr.

Erkek maýmynlaryň uly burunlarynyň maksady entek belli däl. Belki-de jyns taýdan özüne çekmek üçin hyzmat edýän bolmagy ähtimal diýlip çaklanylýar.

Burunlak maýmynlaryň esasy duşmany krokodiller we gaplaňlardyr. Gaplaňlar hat-da erkek maýmynlary öldürmäge hem ukyplydyr.  

 

Aýjeren AKMYRADOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.