logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦
Home / Economics /Bol hasyl ugrunda
  27.02.2020
973
Bol hasyl ugrunda

     “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylyny belent sepgitlere beslemegi maksat edinýän welaýatymyzyň oba zähmetkeşleri tutanýerli zähmet çekýärler.  «Welaýatlar boýunça 2020-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakynda» Karara laýyklykda, olar gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek işine aýratyn ähmiýet berýärler.   

        Welaýatymyzyň daýhanlary  ýeralma ekişine guramaçylykly girişip, bu iş guramaçylykly alnyp barylýar. Üstümizdäki ýylda 2 müň 80 gektara ýeralma ekip, ondan 9 müň 120 tonna hasyly almak ugrunda yhlaslylyk görkezýän ekerançylar ekişde agrotehnikanyň talaplaryny birkemsiz berjaý edýärler. Bu işde “CLAAS” kysymly oba hojalyk tehnikalaryň hyzmatyndan ýerlikli peýdalanylýar.

         Ekerançylar ekine degişli dökünler bilen iýmitlendirmek işini hem sazlaşykly ýerine ýetirýärler. Ilatyň gündelik isleg bildirýän azyk önümleriniň biri bolan ýeralma ekişiniň bökdençsiz alnyp barylmagynda möwsümiň öňýanyndaky taýýarlyk işleri möhüm ähmiýete eýe boldy. Daýhanlar ýerleri ekişe irgözünden taýýarladylar. Olar sürümden öň tarp suwuny tutdular, ýerleri mineral we ýerli dökünler bilen iýmitlendirdiler. Bu bolsa ýerlerde sürüm, tekizleýiş hem-de joýa çekmek ýaly işleri talabalaýyk alyp barmagy üpjün etdi. Şoňa görä-de, bu gün welaýatyň ekin meýdanlarynda ýeralma ekişi geçirilýän gektarlaryň hatary günsaýyn artýar.  Ekişde Gökdepe, Ak bugdaý, Babadaýhan, Kaka etraplarynyň gök ekerançylary aýratyn yhlaslylyk görkezýärler.