Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Bezeýär uly dünýäni, ýaz ýaly ýagşy adamlar!
  13.03.2023
984
Bezeýär uly dünýäni, ýaz ýaly ýagşy adamlar!

Doýma ýok ynsan ogluna,
Durmuşyň şirin dadyndan!
Bezeýär uly dünýäni,
Ýaz ýaly ýagşy adamlar.
 

Dogrudanam, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Dowam bolsun!» atly bu ajaýyp goşgusynda örän jaýdar belleýär. Gözel dünýämize aýdym bolup, saz bolup, gülzarlyga besläp gelen owadan ýaz paslynyň ýagşylygy özüne ýar eden adamlara deňelmegi ýöne ýerden däldir. Çünki ýaz paslynyň mylaýym öwüsýän hoştap ýeli, jana ýakymly hoşamaý howasy, älemi gülzarlyga öwürýän, reňbe-reň güllere jan berýän bahar çabgalary ynsanyň gowy hem asylly häsiýetlerine çalym edýär. Şeýle ýaz ýaly ýagşy adamlar bolsa dünýämiziň geregi hem diregi. Ýagşy ynsanyň dilinden syzylyp çykýan süýji sözler onuň ýürek päkliginden, kalp tämizliginden nyşandyr. Bu süýji sözlerde ýady ýakyna, dosty dogana öwrüp bilýän güýç bardyr. Asylly häsiýetli ynsanyň sözi şirin we takyk, ýüzi mylakatly hem nurana, ruhy hem päkdir. Ýagşy edebiň bir şerti hökmünde, mylaýym häsiýet we güler ýüzlülik hem gerekdigi öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Mylakatly, mylaýym, hoşamaý we mähirli bolmaklyk ýagşy edepliligiň mizemejek nusgasydyr. Dana pederlerimiziň «Göwün göwünden suw içer, gamyş – bogundan» diýen parasatly aýtgysy hem ynsanyň ýagşy häsiýetlerinden söz açyp, şeýle jaýdar jümleler, atalar sözüdir nakyllar ýaş nesillere özboluşly edep terbiýe mekdebidir. Pespäl bolmak, öz säwlikleriňi, kemçilikleriňi hem-de ýetmezçilikleriňi görüp başarmak we şol nogsanlyklaryňy düzetmek üçin yhlas etmek gerekdir. Pespällik adamyň adamkärçilikli bolmak üçin edýän yhlasynyň iň netijeli miwesiniň biridir.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda manyly ýaşamagyň sungaty beýan edilýär. Mähriban Arkadagymyzyň bu ajaýyp eseri ynsan üçin täze ruhy ýollary açýar. Ýoluň açyklygy bolsa alnyň, bagtyň açyklygy hasaplanylýar. Diýmek, ýagşy häsiýetlere eýlenen manyly ömür – biziň bagtymyzdyr, açyk ýolumyzdyr. Altyndan arzyly, zerden zyýada bu gymmatly eser tutuş adamzat üçin ýaşaýşyň nurudyr, ýakymly ýaşaýşyň sapagyny, gymmatly ömrüň manysyny açyp görkezýän şamçyragdyr.

Ömür ýagşy amallar, gowy häsiýetler bilen ömürdir. Ykbal şeýle gowulyklara beslenende yranmazdyr. Ynsan belent adamkärçiligi bilen beýikdir. Şonuň üçin hem, dünýämizi gowulyklar bilen bezeýän ýagşy ynsanlara çalymdaş owadan ýaz örän mähriban görünýär. Çünki şol mähriban ýazyň ýaşyl begrese bürenen goýnunda bizi dünýä getirip terbiýelän kyblamyz hem käbämiz, begenenimizde şatlygymyza şatlyk goşjak, derdimizi paýlaşjak ýakynlarymyz, alysda bolanymyzda ýatlajak dost-ýarlarymyz, dolananymyzda gujagyny gerjek il-günümiz, külli il-ulusy bir mekana jemleýän eziz Watanymyz bar!

Goý, salkyn şemally, bag-bakjaly owadan ýaýlalarymyzda, tämiz saba-säherli, ýaşyl ýazyň sapaly çagynda ýagşy dünýämize ýagşylyklar ýaraşsyn!

 

Oguljeren HUDAÝNAZAROWA, 

Türkmen oba hojalyk institutynyň 5-nji ýyl talyby.