Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Beýik ýüpek ýolunyň ugrundaky kerwensaraýlar
  14.05.2020
1319
Beýik ýüpek ýolunyň ugrundaky kerwensaraýlar

      Geçmişde umumy adamzat medeniýetiniň ösmegine uly goşant goşan ata-babalarmyzyň gadymy ýüpek ýolunyň ugrunda esaslandyran Dehistan, Nusaý, Änew, Abiwert, Sarahs, Marguş, Merw, Köneürgenç ýaly ençeme medeni ojaklary, obadyr şäherleri, galalary hem-de kerwensaraýlary dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen alymlary, syýahatçylary, jahankeşdeleri, söwdagärleri  haýrana goýupdyr.Türkmen topragyndaky gadymy medeni ojaklarynyň biride Sarahs bolup, taryhy maglumatlara görä, Sarahsyň şöhraty müň ýyldan hem ozal gündogaryň ýurtlaryna ýaýrapdyr. VII asyrda Sarahs döwrüniň uly şäherleriniň biri bolupdyr. Onuň töwereginde köp sanly obalar, kerwensaraýlar ýerleşipdir.

         IV asyrda Kaspi deňziniň kenarynda hem-de Dehistanda ykdysady we syýasy özgertmeler sebäpli gadymy Beýik ýüpek ýoly özüniň ugruny günorta, merkezi Eýrana, onuň iň iri şäherleriniň biri bolan Nişapura tarap üýtgedýär. Şeýlelikde ýüpek ýoly Nişapurdan Sarahsa. Sarahsdan Nişapura tarap gidip täze şaha emele gelipdir. Şol döwürlerde Nişapur bütin gündogaryň ägirt uly söwda merkezine öwrülipdir. Gadymy Merw bolsa günorta Türkmenistanyň merkezi bolupdyr. Şol döwürleriň iki sany uly şäherleriniň arasynda ýerleşen gadymy Sarahs şäheri ähli taraplaýyn ösüpdir-özgeripdir, ykdysadyýetde-medeniýetde beýik sepgitlere ýetipdir. Bu şäherleriň arasynda Nişapur-Sarahs ýüpek ýolunyň ugrunda jemi alty sany kerwensaraýlar ýerleşipdir. Olaryň her biriniň arasy 5-7 farsah bolupdyr (her farsah 6-7 km deň). Olar Batgis, Hakestar, Mussahab, Nukan, Marzduran we Ukina (Rabat-Şaraf). Bu kerwensaraýlaryň birnäçesi başdaky  durkuny saklap arhitektura binagärlik gurluşygynyň ajaýyp nusgalary hökmünde biziň günlerimize hem gelip ýetipdir. Bu kerwensaraýlar häzirki goňşy Eýran Yslam respublikasynyň çäklerinde ýerleşýär. Sarahs-Merw ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen bu binalar kerwensaraýlar baradaky arheologiýa ylmy-barlag işlerini geçirmegi geçen asyryň 50-nji ýyllarynda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh institutynyň arheologiýa we etnografiýa bölüminiň ýanynda döredilen XIV-nji ylmy toparyna tabşyrylýar. Bu topar günorta Türkmenistanyň çäklerinde köp taraplaýyn arheologik ylmy-barlag işlerini geçirmek baradaky ekspedisiýasynyň ýanynda döredilýär. Bu topar günorta Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän arheologiýa we arhitektura ýadygärligini öwrenmek bilen bir hatarda Sarahs-Merw ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän gadymy kerwensaraýlar baradaky gymmatly taryhy maglumatlary hem toplapdyrlar.

         Gadymy Sarahsdan Merwe tarap ugraýan ýüpek ýolunyň ugrundaky olaryň ilkinjisi, duralga we kerwensaraý Sarahs şäheri bolupdyr. Onda giň kerwensaraýlar dürli görnüşdäki harytlary ýerleşdirmek üçin niýetlenen ammarlar, uly bazary bolupdyr. Bazardan islendik görnüşdäki harydy satyn almak, harytlaryny ýerlemek, goňşy döwletlerdäki islendik harytlaryň nyrhlaryny bilmek mümkünçiligi bolupdyr.

         Sarahsdan çykyp Merwe tarap ugran kerwenlerde diňe bir söwdagärler (täjirler) bolman eýsem, olar bilen syýahatçylar, alymlar, jahankeşdeler, zyýaratçylar, derwüşler hem bolupdyrlar. Bu ýüpek ýoly bilen barýan adamlaryň bir kerwensaraýdan beýleki kerwensaraýa sag aman aşmaklaryny üpjün etmek maksady bilen ýörite topar hem bolupdyr, olar adamlaryň, kerweniň howpsuzlygyny üpjün edipdirler.

         Nişapur-Sarahs-Merw beýik ýüpek ýolunyň ugrundaky ikinji kerwensaraý we duralga Najaryň köşgüdir. Bu köşk häzirki gün Sarahs şäherinden 14 km demirgazyk-günbatarda ýerleşen VI-XV asyrlara degişli bolan döwlet ähmiýetli arheologiýa ýadygärligidir. Il arasynda bu ýadygärligiň ýörgünli ady Gökdepedir. IX asyrda Halif Al Mamunyň hökümdarlyk eden döwründe onuň kowmundan bolan Al-Najar bu köşke we onuň daş töweregindäki oturymly obalaryna eýeçilik edipdir. Soňraky döwürlerde hem onuň mirasdüşerleri ýaşapdyrlar. Şol sebäpli hem Najaryň köşki diýlen at galypdyr. IX-X asyrlarda bu oturumly oba şäherçä öwrülipdir. Şeýlelikde gorag diwarlary, şähristan döreýär.  Onuň töwereginde rabat (şäher etegi) döräp onda köp sanly ýaşaýyş we jemgiýetçilik jaýlary gurlupdyr. XI-XII-asyrlarda şäher hasda   ulalýar. Täze jaýlar, kerwensaraýlar toplumy gurulýar, metjitler salynýar. XII-nji asyryň ikinji ýarymynda bu ilatly ýer Sarahs-Merw kerwen ýolunyň bir duralgasyna öwrülýär.

         Beýik ýüpek ýolunyň ugrundaky üçünji duralgada, kerwensaraý Uşdurmagakdyr. Bu ýadygärligiň häzirki döwürdäki ady Burungaladyr. Bu ýadygärlik kerwensaraýy hem-de şäherçe häzirki Sarahs şäherinden 42 km demirgazyk gündogarda ýerleşýär.

         Uşdurmagak barada taryhy maglumatlara salgylansak bu şäherçe köp burçly görnüşde gurnalyp, tutýan meýdany 20 ga bolupdyr. Ähli salynan desgalar, gysgajyk köçeler esasy uly kerwen geçýän ýoluň iki gapdalynda gurnalypdyr. Bu ýerde geçen asyryň 70-nji ýyllarynda ylmy gazuw-barlag işleri geçirilen döwründe bu ýerde ýaşan halklaryň diňe bir kulalçylyk, senetçilik, küýzegärçilik bilen meşgul bolman, eýsem ýokary hilli inçeden nepis reňkli dürli görnüşdäki aýna gaplaryny hem ýasapdyrlar. Olary ajaýyp täsin suratlar we nagyşlar bilen bezäpdirler. Şol döwürlerde arhitektura binagärlik gurluşynda diwarlaryň daşky we içgi ýüzini bezemek maksady bilen ullanylýan ýuka diwarly keramiki önümleri hem öndüripdirler.

         Sarahs-Merw ýüpek ýolunyň ugrundaky 4-nji kerwensaraýy Tilsitana diýlip atlandyrylýar. Ýadygärlik häzirki döwürde ýurdumyzyň Mary welaýatynyň çäklerinde ýerleşýän ,,Howuzhan” suw howdanynyň golaýynda ýerleşýär.Uşturmagak bilen bu kerwensaraýyň aralygyny bir gündüziň dowamynda geçip bolupdyr. Bu orta asyrlara degişli bolan kerwensaraý baradaky taryhy maglumatlar entäk ýeterlikli däl, ýadygärlikde arheologiýa ylmy barlag işlerini alyp barmak türkmen alymlarynyň öňünde durýar.

         Sarahs-Merw ýüpek ýolunyň ugrundaky soňky 5-nji duralga geçmişde uly şöhrata eýe bolan ,,Daňdanakan” (Daşrabat) ýadygärligidir. Murgap ýaýlasynyň demirgazyk künjeginde gadymy Merwden 60 km-de ýerleşen bu uly bolmadyk şäher ilkinji gezek VIII asyryň orta asyrlar çeşmelerinde ýatlanýar. Daňdanakanyň golaýynda 1040-njy ýylyň 23-nji maýynda bolyp geçen uly söweşiň netijesinde bu şäher biziň watanymyzyň taryhynda uly ähmiýete eýe boldy. Şol günden başlap Seljuklar döwletini döreden beýik pederlerimiziň ýeňişli ýörüşi başlanýar.

         Orta asyrlarda bütin orta gündogara ýaň salan gadymy Merwiň golaýynda ýerleşen bu kiçeňräk şäherçede üstümizdäki ýylyň ýaz möwsüminde Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Türkmenistanyň milli müdirliginiň “Gadymy-Merw” goraghanasy hem-de “Köne Sarahs” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmenleri bilen   bilelikde ylmy barlag işleri alnyp baryldy. Umuman ýokarda agzalan ýadygärliklerde dürli döwürlerde alymlar tarapyndan geçirilen ylmy işler ýurdumyzda Orta Aziýada bu şäherlerde, medeni ojaklarda durmuşyň gülläp ösendiginden habar berýär.