Bu gün Türkmenistanyň kartasynda täze ýol emele gelýär. Gadymy Garagumda ägirt uly, ak ýol gurulýar. «Türkmenistanyň logistika strategiýasynyň özenini taryhylyk ýörelgesi emele getirdi. Biziň döwletimiziň çäklerinden irki döwürlerde yklymyň döwletlerini we halklaryny birleşdiren söwda ýollarynyň esasy şahalary geçipdir. Ol medeniýetleriň ösmegine, Gündogar bilen Günbataryň özara gatnaşygynda ägirt uly orun eýelän Beýik Ýüpek ýoludyr». Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Orta Aziýada geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmek bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň gatnawy netijesinde medeniýetiň hem ösen mekanydyr. Bu toprakda dörän baý medeniýetiň gymmatlyklarynyň dünýä jahankeşdelerini haýrana goýandygyny taryh subut edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşleriň menzillerinde altyn harplar bilen ýazylýan tutumly işler taryhymyza şan berýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri — beýik işleriň döwri! Türkmenistanyň taryhynda altyn harplar bilen orun aljak, altynsow çägeli Garagumda gurulýan awtobanyň sebit ähmiýetli hyzmatynyň-da iňňän uly boljakdygyny arkaýyn aýdyp bolar. Awtobanyň mümkinçilikleri multimodal ähmiýetlidir. Belli bolşy ýaly, bu awtoban 600 kilometre çenli uzaýan ýol. Ýoluň ýokary tizligi diýjekmi, onuň ugrunda ýolagçylara hyzmat ediş merkezleri diýjekmi, hereket howpsuzlygy babatdamy.., garaz, bu uly gurluşyk hakda hemişe ýazylar. Bu ägirt uly taslamanyň esasy maksady, ulag kommunikasiýa infrastrukturasynyň ösmegi bilen milli ykdysadyýetiň ýokary depginli ösüşlere eýe bolar. Halkara ähmiýetli ýokary tizlikli awtomobil ýol ulgamyny we onuň üsti bilen ulag pudagyny çalt ösdürýän üstaşyr logistika düzümini döreder. Ulag logistika düzümini dünýä ykdysady giňişligine girizmek, içerki we halkara logistika mümkinçiliklerini has-da artdyrmak, pudaklaryň bu ugurdaky halkara bäsleşigine ukyplylygyny ýokarlandyrar. Awtomobil ýollarynda tizligiň, ygtybarlylygyň we howpsuzlygyň talap edýän görkezijilerini üpjün etmek, bu ulgam arkaly ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak. Taryhy Ýüpek ýoluny dünýäniň talaplaryna laýyk derejede täzeden ykdysady ýol derejesinde dikeltmek we ulag üstaşyr mümkinçiliklerini döredýän Hazaryň kenaryndaky täze gurlan halkara deňiz menzili bilen sazlaşykly bitewi merkezi emele getirmekden ybarat.
Şonuň ýaly-da, Aşgabat — Türkmenabat awtobany ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamynyň geçirijilik mümkinçiligini ýokarlandyrar. Halkara ulag-üstaşyr düzümini hem-de halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge ýurdumyzyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberini ep-esli artdyrmaga we gatnawlary çaltlandyrmaga mümkinçilik berer. Awtobanyň gurulmagy üstaşyr awtoulag gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyna ýardam eder. Bu ýol multimodal logistika ulgamynyň möhüm bölegi bolar.
Ýol — hemişe hereketlileriň hyzmatynda. Awtoban syýahatçylyk babatda-da täze, oňyn mümkinçilikleri açar. Beýik Ýüpek ýoly bilen Garagumuň gujagyndan ýol aşjak jahankeşdelere ýurdumyzyň gözel tebigaty we haýwanat dünýäsi bilen tanyşmaga-da ýardam eder. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli ýoluň ugrunda ýerleşjek desgalar barada aýdylanda bolsa, ýoluň taslamasyndan belli bolşy ýaly, milli hem-de häzirki zamanyň binagärlik sungatynyň ajaýyp sazlaşygy öz beýanyny tapar. Şunlukda, Garagum — şäher künjeginiň ýollaryna mahsus gözellikleri özünde jemlär. Munuň özi bolsa Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda gurmak, döretmek syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň, bagtyýarlyk döwrümizde eziz Watanymyz Türkmenistanyň barha gülläp ösýändiginiň ýene bir aýdyň mysalydyr.
Awtobanyň gurluşygynda «Nusaý ýollary» hususy kärhanasynyň, «Altyn nesil», «Hyzmat merkezi», «Edermen» hojalyk jemgyýetleriniň tutanýerli gurluşykçylary argynsyz zähmet çekip, netijeli iş alyp barmakda yhlaslaryny gaýgyranoklar. Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek gurulýan awtoban Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen ägirt uly sepgitleriň biri bolar.
Şeýle beýik işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda eziz Watanymyzyň dünýä derejesindäki ösüşlerini aýdyň görkezýär.