logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Society /Bedew batly ösüşler ak günlere badalga
  22.04.2023
808
Bedew batly ösüşler ak günlere badalga

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ugurlaryny senagatlaşdyrmak, barha sazlaşykly ösdürmek bilen baglanyşykly düýpli özgertmeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda hem üstünlikli amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň maksatnamalaýyn işleriniň çäklerinde sebitleri durmuş-ykdysady taýdan özgertmegiň meselelerine aýratyn üns berýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2027-nji ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» taslamasynda ähli ýerlerde täze desgalaryň we binalaryň gurluşygy göz öňünde tutulyp, bu babatda degişli çäreler görülýär. Ekologik abadançylygy hem-de ilatyň saglygyny goramak meselelerine hem uly ähmiýet berlip, dürli künjeklerde köpugurly hassahanalaryň, saglyk merkezleriniň, suw arassalaýjy desgalaryň, sport toplumlarynyň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, elektrik stansiýalarynyň ençemesi gurulýar. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan bu desgalar Arkadagly Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny hem-de ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek boýunça netijeli çäreler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz suwaryş ulgamlaryny talabalaýyk ýagdaýda saklamak, suw hojalyk desgalarynyň durkuny täzelemek, täze suw howdanlaryny gurmak boýunça işleri dowam etmelidigini yzygider nygtaýar. Şeýle-de ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny has-da berkitmäge gönükdirilen oba hojalyk işleriniň barşy, ekerançylaryň zähmet şertleri kämil derejede üpjün edilýär. Sebitlerde bina edilýän häzirki zaman kärhanalarynyň, senagat we medeni desgalaryň sanynyň artmagyna we täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik açylýar. Tebigy baýlyklary, çig mal serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak üçin senagat we gurluşyk pudaklarynyň önümçilik kärhanalarynyň kuwwatlyklaryny doly herekete girizmek, täze önümçilikleri ulanmaga bermek meseleleri möhüm ugurlaryň hatarynda durýar. Oba hojalygy, azyk we gaýtadan işleýän senagat welaýatlaryň ykdysadyýetini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarydyr. Haryt bolçulygyny döretmek, maldarçylyk we guşçulyk pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullaryny we ylmyň ýokary gazananlaryny ulanmak babatda degişli çäreler alnyp barylýar. Şeýle asylly başlangyçlaryň, döwletli tutumlaryň baş maksady bolsa, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. 

 

Gülaýym ARTYKOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň 1-nji ýyl talyby.