logo

Latest news:
✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦ ✦ Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary ✦ ✦ Bagşy Döwletgeldi Ökdirow ✦ ✦ Seulda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Buharestde ýylyň şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi ✦ ✦ TDYDI-de Startup bäsleşigi geçirildi ✦
Home / Politics /Baky bagtyň ak ýoly
  05.12.2022
1034
Baky bagtyň ak ýoly

Ajap eýýamymyzda Arkadagly Serdarymyzyň ýöredýän öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň parahatçylyk söýüjilige, ynanyşmaga esaslanýan özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen taglymatydygy guwandyrýar. Bu taglymat Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösüşine kuwwatly itergi berýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde çykyş edip, öňe sürýän her bir başlangyçlarynyň halkara derejesinde ykrar edilmegi ähli türkmenistanlylary çäksiz guwandyrýar.

Ýurdumyzyň gazanýan köpsanly üstünlikleriniň hatarynda Bitaraplyk hukuk derejesi oňyn tejribeler we diplomatik netijeler bilen baýlaşýar. Döwletimiziň hukuk ulgamynyň ösüşiniň özeninde, onuň binýatlaýyn düzgünlerinde halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary, häzirkizaman dünýäsiniň umumadamzat gymmatlyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri aýdyň şöhlelenýär. Hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan Türkmenistan halkara gatnaşyklary ulgamynda öz mynasyp ornuny eýeleýär we sebit meseleleri bilen birlikde dünýä meselelerini hem ara alyp maslahatlaşmaga işjeň gatnaşyp, olary çözmegiň anyk ýollaryny tapmaga ýardam edýär.

Güneşli Diýarymyzda ähli raýatlar deňhukukly, agzybir ýaşaýarlar. Şol sanda ýurdumyz beýleki döwletler bilen gatnaşyklaryny olaryň medeniýetine, däp-dessurlaryna, taryhyna hormat goýmak esasynda alyp barýar. Türkmenistan ynsanperwer gatnaşyklara halklary ysnyşdyrmagyň, olaryň arasynda özara düşünişmegi çuňlaşdyrmagyň, dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň örän möhüm serişdeleriniň biri hökmünde garaýar. Ýurdumyz milletleriň we halklaryň arasynda ruhy gymmatlyklaryň alşylmagyny, medeniýetleriň birek-birege aralaşmagyny hem-de özara baýlaşmagyny goldaýar we höweslendirýär. Şeýle-de ýurdumyz halkara jemgyýetçiliginiň özara düşünişmezliklerden, tebigy betbagtçylyklardan, heläkçiliklerden ejir çeken ýurtlara kömek bermek baradaky tagallalaryny goldaýar.

Bitaraplyk arkaly Diýarymyz dünýä döwletleriniň arasynda mynasyp orna hem-de mertebä eýe boldy. Bitaraplyga buýsanyp ýaşaýan türkmen halky taryhy döredijiligiň, erkin, parahatçylykly ösüşiň aýdyň ýoly bilen öňe barýar. 

 

Asman KURBANOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň talyby.