Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ykdysady ösüş jemgyýetiň durnukly geljegi ✦ ✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Bagtyýar ýaşlar
  30.10.2019
611
Bagtyýar ýaşlar

    Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde 640 okuwça bilim terbiýe beriljek orta mekdebiň gurluşygyna dabaraly ýagdaýda badalga berilmegi şäher ilatynyň şatlygyna şatlyk goşdy. Döwrebap orta mekdebiň düýbiniň tutulyş dabarasy özboluşly toýy ýatlatdy. Şowhunly dabara Ahal welaýatynyň häkimi Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, telekeçiler, Ahal welaýatynyň we şäherdir, etraplarynyň häkimlikleriniň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, hünärmenleri, il sylagly ýaşulular, gurluşykçylar şeýle hem ýaşlar gatnaşdylar.

           Bilim ojagynyň guruljak meýdanynyň giň çäginde günüň saba-säherinde aýdym-sazyň belent perdeden ýaňlanmagy we bu ýere köp sanly myhmanlaryň ýygnanmagy ruhy göteriliş alamatlaryny döretdi. Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň birleşen sungat ussatlaryndan we mekdep okuwçylaryndan hem-de körpelerden düzülen toparyň ýerine ýetiren edebi sazly kompazisiýasy bu çärä gatnaşanlarda özboluşly şatlyk duýgusyny döretdi.

           Giň meýdançada sport şüweleňleri hem ýaýbaňlandyryldy. Sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary hem bu ýere bezeg berdi. Toý şowhunyna beslenen meýdançada giň gerim alan şeýle ruhubelentlik myhmanlara ýakymly duýgulary peşgeş berdi.

           Şowhun şatlyga beslenen dabarada çagalardan düzülen aýdym-saz tans toparynyň ýerine ýetiren çykyşlarynda ata watanymyzyň, ýurdumyzy belent sepgitlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, ajaýyp çagalygyň waspy öz beýanyny tapdy.

           Toý meýdançasynda milli öwüşginli tomaşalara uly orun berildi. Ussat aşpezler milli tagamlary taýýarladylar, zenanlar tamdyrda çörek ýapdylar, pişmedir çelpek taýýarladylar hem-de milli tagamlardan dabara gatnaşýanlara hödür kerem etdiler. Birenaýyja çagalardan düzülen skripkaçylar toparynyň ýerine ýetiren şowhunly sazy bolsa bu dabara gatnaşýan myhmanlarda özboluşly ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

           Dörebap orta mekdebiň düýbiniň tutulmagyna badalga berilmegi mynasybetli çäräniň geçýän ýerinde giň, owadan bezelen sahnada şowhunly aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Ýokary ruhybelentlige, göwün göteriji duýgulara beslenen bu dabarada aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlaryna giň gerim berildi. Bu ýerde olaryň belent joşgun hem ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdym-sazlarydyr tanslary bagtyýar il-günümiziň şan-şöhraty dünýä dolan mähriban ata Watanymyza, milli Liderimiziň amala aşyrýan giň möçberli sahawatly işlerine, bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky taýsyz tagallasyna hem-de päk zähmete hormat-sarpalarynyň hoş owazy bolup ýaňlandy.

                   Düýbi tutulan umumy bilim berýän orta mekdep 2 gatdan ybarat bolup, 640 okuwçy orunlyga niýetlenendir. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde rejelenen oba milli maksatnamasyna laýyklykda bina ediljek döwrebap orta mekdebiň gurluşygyny “Nesibe-A” hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçy hünärmenleri alyp barar. Onda ýaş nesliň döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda bilim-terbiýe almagy, bilim işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda ähli amatlyklar göz öňüne tutular. Dürli derslere niýetlenen otaglar döwrebap derejede enjamlaşdyrylar. Bu ýerde okuwçy ýaşlaryň berk bedenli bolmagy, sport bilen meşgullanmagy üçin sport zallarydyr meýdançalaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Täze mekdep bagtyýar ýaşlara Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp sowgady bolar.