logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Science and Education /“IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar
  18.08.2026
244
“IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar

2026-njy ýylyň 2-7-nji awgusty aralygynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London şäherinde “IWISE Global Final London 2026” atly abraýly halkara bäsleşigi geçirildi. Dünýäniň 25 döwletinden okuwçylaryň gatnaşmagynda geçen bu bäsleşikde mekdep okuwçylarymyz üstünlikli çykyş etdiler.

Bu halkara bäsleşigine ýurdumyzyň mekdeplerinden saýlanan jemi 10 okuwçy gatnaşdy. Okuwçylarymyza Myrat Sähetgulyýew (Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň informatika mugallymy) we Goçmyrat Baýramow (Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy) ýolbaşçylyk etdiler. Ýaryşda okuwçylarymyz çyzygy yzarlaýan robot (Line follower robot), labirintden çykalga tapýan robot (Maze solving robot), kiçi göreşiji robot (Mini-sumo robot) ýaly  ugurlary boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler.

Halkara bäsleşigiň netijeleri boýunça mekdep okuwçylarymyz 6 altyn we 4 kümüş medal gazanmagy başardylar.

Bu ýaryşda Resulberdi Orazberdiýew, Salyh Kakalyýew, Resul Geldiýew (Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçylary), Selim Begmuradow (Aşgabat şäheriniň 7-nji orta mekdebiniň okuwçysy) hem-de Nurmyrat Kulow (Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiniň okuwçysy), şeýle hem Mälikmyrat Annamuradow (Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçysy) altyn medala mynasyp boldular. 

Mundan başga-da Salyh Altyýew (Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçysy), Rozymyrat Ýagşymyradow (Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiniň okuwçysy), Ebubekir Berdiýew (Arkadag şäheriniň ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň okuwçysy) we Umyt Atamyradow (Arkadag şäheriniň ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy) kümüş medala eýe boldular.

Okuwçylarymyzyň bäşisiniň bu ýaryşda aýratyn tapawutlanyp, “Iň gowy gatnaşyjy” (Best of the best) diýlip yglan edilmegi we ýörite pul baýraklarynyň gowşurylmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. 

Mekdep okuwçylarymyzyň bu halkara üstünlikleri ýaş nesliň döwrebap ylym-bilim almagy üçin ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçiliklerden gözbaş alýar.