logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Syýasat /Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk
  13.07.2026
532
Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk

Eziz Diýarymyz halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy bilen ygtybarly hyzmatdaşlygy ösdürýär. Munuň şeýledigini durmuşa geçirilýän ençeme işler hem aýdyňlygy bilen tassyklap, bu ugurda ýene-de birnäçe möhüm başlangyçlaryň ýola goýuljakdygyna ynam döredýär. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň döredilenine 80 ýyl dolup, bu iri halkara gurama şol günden bäri dünýä ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy, ynanyşmagy berkitmekde örän köp işleri bitirdi.

 

BMG-niň baş maksady hökmünde global möçberde parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi we öňe gidişligi üpjün etmek, häzirki zaman dünýäsiniň düzgünleriniň binýadynda goýlan hukuk we ahlak esaslaryny saklap galmak wezipelerine aýratyn orun berilmegi ähmiýetli waka bolup, parahat durmuşy gurmakda täzeçe garaýyşlaryň döremegine itergi berýär.

 

Garaşsyz Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda dünýäniň ynsanperwer häsiýetli iň iri jemgyýetçilik guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasyna öwrüldi. Geçen ýyllarda ýurdumyz birnäçe halkara başlangyçlary öňe sürmek bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň binýadyny pugtalandyrmakda, syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamakda halkara giňişlikdäki işjeň ornuny barha berkitdi.

 

Geçen ýyla Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlen adyň berilmegi-de ýöne ýerden däl. 2025-nji ýylda ýurdumyz hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny halkara derejede belläp geçdi. Bu iki şanly senäniň bilelikde gelmeginiň hem tötänlik däldigini bellemek gerek. Oýlanyşykly Bitaraplyk syýasatyny halkara derejede amal edýän ýurdumyz bu gün sebitleriň, yklymlaryň galyberse-de, bütin dünýäniň parahatçylygyna gönükdirilen işlere-de özüniň mynasyp goşandyny goşup gelýär. 

 

Laçyn TEKEDURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.