logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar
  22.08.2026
408
Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar

Gökdepe etrabynda täze okuw ýylyna taýýarlyk: 960 orunlyk döwrebap mekdep gapylaryny açýar

 

1-nji sentýabrda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň öňüsyrasynda Gökdepe etrabynyň bilim edaralarynda täze, 2026–2027-nji okuw ýylyna bagyşlanan giň gerimli taýýarlyk işleri tamamlandy. Etrabyň orta mekdepleri okuwçylary täze okuw ýylynda mynasyp garşylamaga doly taýýar edildi. Bu barada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň işgäri Akmyrat Kadyrowyň taýýarlan habarynda bellenilýär.

 

Geçirilen taýýarlyk çäreleriniň çäginde etrap boýunça bilim ojaklarynda ýeňil abatlaýyş we gözelleşdiriş işleri amala aşyryldy. Synp otaglary döwrebap diwar bezegleri, okuw-görkezme esbaplary hem-de degişli tehnologik enjamlar bilen üpjün edildi. Täze okuw ýylynyň ilkinji jaňy bilen birlikde, etrap boýunça ýüzlerçe alty ýaşly çagalar ilkinji gezek mekdep bosagasyndan ätläp, bilim älemine ilkinji ädimlerini äderler.

 

Täze okuw ýylynyň iň bellenilmeli wakalarynyň biri bolsa etrabyň T. Baýramdurdyýew adyndaky geňeşliginiň Gökdepe obasynda bolar. Şol günde bu ýerde 960 orunlyk döwrebap täze 44-nji orta mekdebiň dabaraly açylyş dabarasy geçiriler. Bu bilim ojagynyň ulanmaga berilmegi oba ilatyna, aýratyn-da ýaş nesle we bilim işgärlerine ajaýyp baýramçylyk toý sowgady bolar.



Çeşme: Türkmen Metbugat