Ýaşlykda hünär saýlamak, kämil bilim almak ýaşlaryň gyzyklanmasyna, höwesine bagly bolup, ol siňdiren yhlasly zähmetiňe, tutanýerliligiňe, erjelligiňe görä-de öz miwesini eçilýär. Tebigat bu meselede her bir adama aýratynlykda ukyp-başarnygy bagş edipdir. Bize bagş edilen şol paýdan netijeli peýdalanmak bolsa öz elimizde. Diýmek, ýaşlykda hünär saýlamak bu görkezijilere baglylykda düzülýär diýsek ýalňyş bolmasa gerek.
Bilim bagynyň ilkinji basgançaklaryndan biri bolan mekdep ýyllaryň tamamlanyp ugramagy bilen, hünär saýlamak meselesi hem örboýuna galýar. “Haýsy hünäri saýlasam dogry bolarka?”, “Saýlan hünärim dogrumyka?” diýen ýaly soraglar islendik ýaş ýetginjegiň aňynda köwsarlap başlaýar. Aslynda ýönekeýje bolup görünýän bu soragyň ykbal kesgitleýji güýji bar. Şeýle ýagdaýlarda maşgalada ýaşulularyň, ata-eneleriň şahsy göreldesi zerur bolup, olaryň degerli maslahatlary möhüm rol oýnaýar. Ýöne öz geljekki durmuş ýolumyzy saýlamak özümize has köpräk bagly. Hünär saýlamakda öňüňde goýan maksadyň ýa-da çagalykdan köňlüňde beslän arzuwdyr-hyýalyň bolmagy hünär saýlamak üçin sarp etjek wagtymyzy tygşytlamaga ýardam edýär. Höwes-islegiň, sowadyň, bilim derejäň hem-de ukyp-başarnygyň hem bu ýagdaýa güýçli täsir edýär. Zähmet ýolumyzy saýlamakda goýberen ýalňyşlygymyz bize berlen uly baýlyk bolan – ömrümizi manysyz geçirmegimize, wagtymyzy bihuda sarp etmegimize sebäp bolup biler. Köňül maksadyňa görä saýlanan durmuş ýoluň her güni-de, her sagady-da, her minudy-da üýtgeşik!
Durmuşda şeýle ykbal kesgitleýji meselede gutarnykly netije öz elimizde, çünki öz içki hyýallarymyzy, şahsy ukyplarymyzy, ruhy dünýämizi bizden gowy bilýän ýok. Öňümizde goýan maksadymyz bizi her ädimde ruhlandyrýan bolsa, bize uly güýç berýän bolsa, ýene öňe ilerlemäge yhlas döredýän bolsa, onda bu biziň maksadymyzdyr. Maksadymyza ýetmekligiň ýolunda bilim derejämizi üznüksiz artdyrmak, kitaphanalar bilen ýakyn aragatnaşyk saklamak ýa-da ýörite möhletli okuw merkezlerinde bilim gorumyzy giňeltmeklik hem netijeli maýadyr.
Özümizde berk ynamy, erki terbiýelemek – maksadyň binýadydyr. Dürli kynçylyklary ýeňip geçmekde ýeterlik güýç-gaýratyň bolmagy bolsa üstünlige sary barýan aýdyň ýodadyr. Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek, ýagşy zamanamyzda ýagşylyklar bilen taplanmak, töweregimizdäkilere, ýakynlarymyza elimizden geldiginden şatlyk, mähir paýlamak maksadymyza öwüşgin çaýýar.
Ýüze çykýan kynçylyklaryň öňünde ejizlemek maksadymyzyň wysal bolmagyna böwet bolup biler. “Ýykylan göreşden doýmaz” diýlişi ýaly, kynçylyklar bilen taplanmaly, özbaşdak göreşmegi endik edinmeli. Iň bärkisi kiçijik ýörjen-ýörjen bolup ýören çagajyk hem ýöremegi ençeme gezek ýykylmak bilen öwrenýär ahyryn. Kynçylyklar – üstünligiň, maksat-myradyň hasyl bolmagynyň altyn açarydyr.
Biz türkmen perzendi, türkmen balasy, elmydama başymyz dik, özümize ynamly, ile-güne gerekli şahsyýet bolup ýetişmek üçin ümzügimiz mydama öňe bolmaly. Bu düşünjeler çagalykdan biziň aňymyza guýlupdyr. Bize berlen asylly terbiýeden, uly ynamdan, döwletimiz tarapyndan döredilip berilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, her bir zada çynlakaý ýapyşsak, başarmajak zadymyz, almajak galamyz ýok. Sebäbi biz – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar perzentleri, bagtly ýaşlary!
Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby,
Türkmenistanyň Prezidentiniň talyp hakynyň eýesi.