Aýdym-saz – bu sungatyň özboluşly aýratyn bir görnüşidir. Adamlaryň ýaş aýratynlygy hem, dil aýratynlygy hem, millet aýratynlygy hem sungatyň bu görnüşiniň söýlüp kabul edilmegine päsgelçilik döredip bilmeýär. Eýsem, siz aýdym-saz barada hemme zady bilýärsiňizmi?
Aýdym-saz pikirlenişiňi ösdürýär.
Aýdymyň sözlerini, sazyň äheňini ýatda saklamak bilen biz beýnimiziň dürli bölümlerini işjeňleşdirýäris. Dürli sazlar we ritmler dürli duýgulary oýandyrýar. Mundan başga-da, saz beýniniň trawmatiki şikeslerinde onuň işini dikeltmäge ýardam edýär.
Gamgyn saz keýpiňi gowulandyrýar.
“Frontiers in Psychology” žurnalynda çap edilen barlag netijelerine görä, gamgyn aýdym-saz adama biziň pikir edişimiz ýaly täsir etmeýän eken. Barlaga gatnaşyjylar sazy gamgyn diýip kabul etseler-de, ony diňlemek bilen depressiýa ýagdaýyna düşmediler. Olar köptaraply duýgular spektrini başdan geçirdiler, şol sanda bu duýgularyň arasynda romantik we has şatlykly duýgular hem bardy.
Aýdym-sazyň bejeriji häsiýeti bar.
Don Kent özüniň “Aýdym-sazyň adam bedenine we aklyna edýän täsiri” atly işinde aýdym-sazyň adamyň fiziki ýagdaýyna edýän täsiri barada gyzykly maglumatlar getirip şeýle diýýär:
“Aýdym-saz birnäçe biologik prosesleriň geçmegine fiziologik täsir edýär. Ol ýadawlygy azaldýar, pulsyňy, dem alşyňy deňleýär, gan basyşyny durnuklaşdyrýar we psihogalwanik täsir edýär”.
Platon howsalalygy aýyrmak üçin aýdym-saz diňlemegi maslahat beripdir. Aristotel bolsa bu sungat görnüşini durnuksyz emosional ýagdaýdan çykmak üçin gural hasaplapdyr.
Aýdym-saz fiziki maşklary ýerine ýetirmekde gowy kömek edýär.
Aýdym-saz çydamlylygy ýokarlandyrýar we fiziki maşklaryň dowamynda iýmit maddalaryny has netijeli sarp etmäge kömek edýär. Mysal üçin, “Geliň, sport bilen meşgullanalyň: Netijeli türgenleşik üçin aýdym-saz psihologiýasy” (Let’s Get Physical: The Psychology of Effective Workout Music) atly barlagyň netijesinde welosiped sürlende aýdym diňlenmegi kislorody 7% az harçlamaga mümkinçilik berýändigi ýüze çykaryldy.
Aýdym aýdyp suwa düşmek peýdalydyr.
Muny doktor Jerri Saliman tassyklaýar. Onuň sözlerine görä, gaty ses bilen aýdym aýtmak saglyk üçin, esasanam ýaşuly adamlar üçin peýdalydyr. Aýdym aýtmak afaziýadan (gürlemek ukybynyň doly ýa-da bölekleýin ýitmegi) ýa-da Parkinson keselinden ejir çekýän garry adamlarda beýniniň işjeňligini gowulaşdyryp bilýär. Mundan başga-da, aýdym aýtmak dem alyş ulgamynyň işleýşini gowulandyryp, dem gysmagyny azaldyp bilýär.
Ramazan NURÝAGDYÝEW
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby