logo

Soňky täzelikler:
✦ Sanly aragatnaşyk - häzirki zaman ösüşiniň binýady ✦ ✦ Logopediýada sakawlanma - sözleýşiň giňden duş gelýän kemçilikleriniň biri ✦ ✦ Arheologiýa - geçmişiň syrly mirasyny öwrenýän ylym ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy ✦ ✦ Döwrebap usullar arkaly iňlis dilini öwretmek ✦ ✦ Ösüşleriň we belent maksatlaryň ýyly ✦ ✦ Iňlis dilini öwrenmegiň netijeli usullary ✦ ✦ Halkara bäsleşigiň jemleri jemlendi ✦ ✦ Iňlis dili — bilim ösüşiniň açary ✦ ✦ Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň köprüsi ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Awstraliýaly milliarder “Titanik” gämisiniň nusgasyny gurmagy meýilleşdirýär
  17.03.2024
547
Awstraliýaly milliarder “Titanik” gämisiniň nusgasyny gurmagy meýilleşdirýär

Awstraliýanyň iň baý adamlaryndan biri bolan Clive Palmer, XX asyryň meşhur gämisiniň takyk nusgasy boljak Titanik II-ni gurmak boýunça täze meýilnamalara başlady. Gäminiň gurluşygyna indiki ýylyň birinji çärýeginde başlanylar we täze Titanik 2027-nji ýylda ilkinji syýahatyna başlar.

 

Palmer indi üçünji gezek “Titanic II” taslamasyny yglan edýär, bu pikir ilkinji gezek 2012-nji ýylda onuň kellesine gelipdi. Ýöne indi milliarder bu işe çynlakaý girmek kararyna gelen ýaly.

 

Uzynlygy 269 metr we ini 32.2 metr boljak "Titanic II" asyl nusgasyndan birneme giň bolar. Kuwwatlylygy bolsa 835 kabinaly dokuz otagda 2345 ýolagçy bolar. 

 

Mälim bolşy ýaly, Titanik, 1912-nji ýylyň 14-15-nji aprelinde Sauthemptondan (Angliýa) Nýu-Ýorka (ABŞ) ilkinji syýahatynda Atlantik ummanynda heläkçilige uçrady. Şol döwürdäki iň uly gämi bolan Titanik äpet buz bilen çaknyşdy. Netijede 1500 töweregi adam aradan çykdy.

 

Sewiliýa ERNEPESOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.