logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /AŞPEZLERIŇ BÄSLEŞIGI
  01.09.2019
12624
AŞPEZLERIŇ BÄSLEŞIGI

    Änew şäherindäki “Bagt ýyldyzy” toý mekanynda “Datly desterhan” ady bilen bäsleşik  geçirildi. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk bäsleşigine welaýatymyzda  telekeçilik pudagyna degişli bolan hyzmat ediş kärhanalarda zähmet çekýän aşpez ýaşlar gatnaşdy.

    Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçilik birleşmesiniň Ahal welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu bäsleşik hormatly Prezidentimiziň  “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyndan ugur alyndy. Bäsleşik üç şertlerden ybarat boldy. Onuň birinji şertine laýyklykda, aşpezler türkmen suprasynyň bezegi bolan işdäaçar taýýarladylar.  Bu şertde ýaşlaryň dürli gök önümleri ulanyş ussatlygy hem göz öňüne tutuldy.

   Bäsleşigiň ikinji şertinde aşpez gyz-gelinler unaş taýýarlamak boýunça ussatlygyny görkezler. Olar bellenilen wagtyň dowamynda hamyr ýaýyp, ony degişli talaplara laýyklykda kesdiler we unaş taýýarladylar.  Şeýle-de türkmen milli tagamlaryň biri bolan unaşyň taýýarlanyş usullary barada gürrüň berdiler. Dürli miwelerde işdäaçar taýýarlap, saçak bezemek şerti hem aşpezleriň ussatlygyny aýan etdi.

   Emin agzalary  aşpezleriň taýýarlan tagamlarynyň datlylygyny, arassaçylyk düzgünlerini berjaý edişine we geýnişine hem ähmiýet berip, ýeňijileri keşgitlediler. Bäsleşigiň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.