logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Awaza 2025: Tematiki sergiler geçiriler
  19.07.2025
1685
Awaza 2025: Tematiki sergiler geçiriler

2025-nji ýylyň 5–8-nji awgusty aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda guraljak Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahaty (LLDC3) dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezine düşýär. Bu halkara forum diňe bir syýasy we ykdysady ugurlar boýunça pikir alşylýan giňişlik bolman, eýsem, dürli ugurlar boýunça sergileriň hem guraljak giňişleýin çäresi hökmünde geçirilýär.

 

Maslahatyň geçirilýän binalarynda guraljak tematik sergiler halkara gatnaşyjylara ýurtlaryň ykdysady mümkinçilikleri, medeniýetleri, innowasion çözgütleri we hyzmatdaşlyk taslamalary bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döreder. Bu sergiler halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmak bilen, gatnaşyjy ýurtlaryň tejribe alyşmagyna hem hyzmat eder.

 

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň hem bu ugurda mynasyp wekili hökmünde çykyş etmegi meýilleşdirilýär. Türkmenistan tarapyndan guraljak sergiler ýurdyň ykdysady ösüşi, halkara başlangyçlary, energetika we ulag logistikasy ýaly möhüm ugurlardaky mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmaga gönükdiriler. Şeýle-de, ýaşyl energetika babatyndaky taslamalar, milli senagat önümçiligi we hususy pudagyň alyp barýan işleri görkeziler.

 

Netijede, LLDC3 maslahatynyň çäklerinde geçiriljek tematik sergiler halkara gatnaşyklaryň giňeldilmegine, ýurtlaryň mümkinçilikleriniň dünýä derejesinde tanadylmagyna hyzmat eder. Türkmenistanyň bu sergilere işjeň gatnaşmagy bolsa, ýurdumyzyň halkara giňişlikde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmaga ýardam eder.