logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Politics /Arkadag şäherinde çagalaryň abadançylygy maslahatlaşyldy
  30.03.2025
3327
Arkadag şäherinde çagalaryň abadançylygy maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 29-njy martynda Arkadag şäherinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara konferensiýanyň jemleýji resminamasynda çagalaryň abadançylygyny we hukuklaryny goramak üçin halkara hyzmatdaşlygynyň möhümdigi bellenildi. Bu çäre, BMG-niň yglan eden Halkara Parahatçylyk we Ynam ýylynyň çäklerinde guralyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ýörelgelerine we 2030-njy ýylyň Durnukly ösüş gün tertibine ygrarlydygyny tassyklady.

 

Konferensiýa gatnaşyjylar çagalaryň saglygyny goramak we olary goldamak ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny has-da berkitmegiň zerurdygyny nygtadylar. Bilim, saglygy goraýyş we sosial goldaw babatynda anyk ädimleriň ädilmelidigini belläp, çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşini gazanmak üçin ICEUNISEF, UNFPA, BSGG we UNESKO ýaly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmelidigine aýratyn üns berdiler.

 

Jemleýji resminamada bilim we öz içine alyjy ösüş babatda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigi, şeýle-de howanyň üýtgemeginiň çagalaryň durmuşyna ýetirýän täsirini peseltmek üçin bilelikdäki çäreleriň görülmelidigi nygtaldy. Maslahata gatnaşyjylar global ýylylygyň we daşky gurşaw meseleleriniň geljekki nesiller üçin çynlakaý howp döredýändigini ykrar edip, ekologik bilimi ösdürmek we howanyň üýtgemegine garşy çagalara goldaw bermek meselelerine aýratyn üns berilmelidigini beýan etdiler.

 

Jennet Rahimowa,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä
dilleri institutynyň talyby.