logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Culture /Änewde türki dünýäsiniň medeni çäreler toplumyna badalga berildi
  27.03.2024
561
Änewde türki dünýäsiniň medeni çäreler toplumyna badalga berildi

26-njy martda geçirilen Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçiriljek çäreler öz işine başlady.

 

 

Eýýäm ikinji gezek “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilýän gadymy şäherlerimiz, özüniň gadymy taryhylygy, baý medeni mirasa eýeligi bilen dünýä halkalrynyň ünsüni özüne çekýär. Bu derejä 2015-nji ýylda Mary şäheri eýe boldy. “Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty” at­ly mak­sat­na­ma tür­ki halk­la­ryň me­de­ni müm­kin­çi­lik­le­ri­ni açyp gör­kez­mä­ge we ola­ryň mi­ra­sy bi­len ta­nyş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Her ýylda dürli şäherleriň taryhyna üns çekmeklige, onuň çäginde dürli medeni çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýar. Türki halklaryň çäklerinde şeýle medeni çäreleriň geçirilmegi halklaryň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary has hem berkidýär.

 

 

“Nowruz ýaýlasynda” baýramçylyk äheňinde badalga alan bu dabara Hö­kü­met ag­za­la­ry, Mej­li­siň, Halk Mas­la­ha­ty­nyň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň, da­şa­ry döw­let­le­riň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýur­du­myz­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri ýyg­nan­dy­lar. Mundan başga-da dabaranyň çäklerinde birnäçe halkara ylmy maslahatlar ýagny, “Ga­dy­my Änew me­de­ni­ýe­ti” at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­t, “Türk­men top­ra­gy — ga­dy­my si­wi­li­za­si­ýa­la­ryň mer­ke­zi” at­ly met­bu­gat mas­la­ha­ty­na, “Türk­me­nis­tan­da sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry we müm­kin­çi­lik­le­ri” at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­ta gatnaşmaga gelen Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­, Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň (TÜRK­SOÝ), Tür­ki döw­let­le­riň Par­la­ment As­samb­le­ýa­sy­nyň, Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň we mi­ra­syň gaz­na­sy­nyň, Hal­ka­ra tür­ki aka­de­mi­ýa­sy­nyň, TÜRK­SOÝ-na ag­za hem-de syn­çy ýurt­la­ryň de­giş­li mi­nistr­lik­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­dyr yl­my we­ki­li­ýet­le­ri bar.

 

 

Dabarada myhmanlar üçin ak öýleriň ýanynda türkmen milli naharlary ataryldy, ze­hin­li ge­lin-gyz­lar el hü­nä­ri­ni gör­ke­zip, mil­li tah­ýa­la­ry tik­mek, keş­de çek­mek, ha­ly do­ka­mak, ke­çe gül­le­mek ýa­ly iş­ler tanyş edildi.

 

 

Şeýle-de “Türk­me­niň ak öýi” bi­na­sy­nyň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da su­rat­keş­le­riň, şe­kil­len­di­riş we ama­ly ha­şam sun­ga­ty­nyň us­sat­la­ry­nyň, tür­ki halk­la­ryň fo­to­su­rat­çy­la­ry­nyň eser­le­ri­niň ser­gi­si ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy.

 

 

Me­de­ni mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de dabara gelen myh­man­lar Se­ýit Je­ma­led­din met­ji­di­ne, Ar­ka­dag şä­he­ri­ne, paý­tag­ty­my­zyň we Ahal we­la­ýa­ty­nyň gö­zel ýer­le­ri­ne gezelenç etdiler.


Guwanç Nazarow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.