logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / In the world /Alymlar «Wikipediýa» saýtyndaky çeşmeleriň ylmylygyna baha berdiler
  31.10.2022
1057
Alymlar «Wikipediýa» saýtyndaky çeşmeleriň ylmylygyna baha berdiler

Alymlar Wikipediýanyň has köp ulanylýan 42 dilli görnüşlerinden, 40 milliondan gowrak makalalardan alnan 230 million çeşmelere salgylanmalary seljerdiler. Netijede, «Wikipediýanyň» iňlis dilindäki maglumatlaryň diňe 2,6 göterimi ylmy neşirýatlara salgylanýandygy anyklanyldy. Beýleki dillerdäki maglumatlaryň ylmy çeşmelere salgylanmasy has pes bolup, olar 0,3%-den 6,6% aralykda görkezildi. Köplenç ylmy çeşmelere ensiklopediýanyň arap, koreý we serb-horwat dillerdäki görnüşleri salgylanýarlar.

Şeýle tapawutlaryň bolmagy, «Wikipediýanyň» dürli dilli görnüşleriniň çeşmäniň ygtybarlylygyna baha bermek boýunça özbaşdak düzgünleriniň ýa-da talaplarynyň bolmagy bilen baglydyr. Şol bir wagtda, makalalardaky maglumat, ygtybarly çeşmelere esaslanmalydygy, onlaýn-ensiklopediýanyň okyjylarynyň bolsa, mazmundaky kesgitli maglumatlary barlap bilmek mümkinçiliginiň bolmalydygy, Wikipediýanyň iň esasy düzgünleriniň biri bolup durýar. Ylmy çeşmeleriň bolmaklygy wajypdyr, sebäbi ol göni okyja çeşmedäki maglumaty barlamaga mümkinçilik berýär.

Şeýle hem alymlar, has wajyp maglumatlary toparlara böldüler. Bu bolsa, dürli dillerde çeşmeleriň ygtybarlylygy bahalandyrylan sanawlary düzmeklige mümkinçilik berer. 

 

Aýsülük SAPARGLYJOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.