logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Interesting /Alymlar şugundyrdan dargamaga ukyply bolan plastik ýasamagy öwrendiler
  05.07.2022
850
Alymlar şugundyrdan dargamaga ukyply bolan plastik ýasamagy öwrendiler

    Şugundyrdan dargamaga ukyply we arzan plastik ýasamak, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Biofizika institutynyň hünärmenleri tarapyndan öwrenildi. Soňky döwürde ekologiýa taýdan arassa, dargamaga ukyply polimer materiallary ýagny, polietilen gaplar, gaplamalar, plastmassa önümleri giňden ýaýrapdy. Emma şeýle materiallaryň köpçülikleýin ulanylmagy olaryň ýokary çykdajylary bilen çäklendirildi. Munuň sebäbi şeker saklaýan gymmat bahaly önümler bilen baglanyşyklydy (olar ýörite bakteriýalar bilen gaýtadan işlenilip, polimer sintez edilýärdi). Krasnoýarskdan gelen gözlegçiler topary, şeker önümçiliginiň galyndy önümi bolan arzan şeker şugundyrynyň şeýle polimerleri öndürmek üçin ulanmagyň has amatly usuldygyny ýüze çykardylar. "Cupriavidus nekator" bakteriýalary bolsa plastigi gaýtadan işlemäge kömek etdi. Bu bakteriýalar, öz biomassasynda dürli himiki düzümli we häsiýetli polimerleri ýygnamaga ukyplydyr. Şeýle-de bolsa, olar şekerlerden diňe fruktoza we glýukozany "halaýarlar". Çig malyň düzümindäki bakteriýalary gaýtadan işleýän öýjüklere baryp bilmeýän ýeke-täk şeker, disaharid - saharozadyr. Şonuň üçin saharozany monosaharidlere: fruktoza we glýukoza öwürmek üçin gaýtadan işlemeli boldy. Şeýlelik bilen, alymlar bakteriýalary olar bilen "iýmitlendirdiler" we başlangyç bakterial biomassadan polimer öndürijiliginiň 80% -ini aldylar. Olar dargamaga ukyply we ýokary derejede özara baglanyşyklydyr. Bu bolsa olary dürli ugurlarda - jemgyýetçilik hyzmatlarynda, oba hojalygynda, farmakologiýa we biomedisinada ulanmaga mümkinçilik berýär.

Hangeldi Ilýasow, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby