logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Interesting /Alymlar öňümizdäki ýyllarda temperaturanyň has ýokary boljakdygyny aýdýarlar
  18.05.2022
1428
Alymlar öňümizdäki ýyllarda temperaturanyň has ýokary boljakdygyny aýdýarlar

Dünýäniň ortaça temperaturasynyň yzygiderli ýokarlanýandygy belli zat. Alymlar, esasanam polýuslarda temperaturanyň çalt ýokarlanmagyndan aladalanýarlar.

Dünýäniň temperaturasynyň gyzmagy bilen Ýerdäki janly-jandar görnüşlerine, ösümliklere şol sanda adamlara-da uly howp abanýar. Dünýäniň ortaça temperaturasy ilkinji gezek 2015-nji ýylda XIX asyryň ortalarynda hasaba alnan temperatura senagatdan öňki derejeden 1 dereje ýokarlandy.

Alymlar geljek bäş ýylyň içinde global temperaturanyň 1,5 gradus ýokarlanjakdygyny duýdurdylar. Şeýle hem, gözleg 2022-nji we 2026-njy ýyllar aralygyndaky temperaturanyň senagatdan öňki derejeden 1,1 dereje we 1,7 dereje ýokary boljakdygyny görkezýär. Şonuň üçin hünärmenler geljekde tokaý ýangynlarynyň, aşa yssy howalaryň, suw joşmalarynyň we şuňa meňzeş betbagtçylyklaryň ýygy-ýygydan boljakdygyny mälim edýärler.

Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary parnik gazlarynyň zyňyndylary düýpgöter azalmasa, global temperatura 2300-nji ýyla çenli 50 million ýylda görünmeýän derejä ýeter diýip çaklaýar.

Jennet BÄŞIMOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.