Türkmenistan sözüň doly manysynda dünýä arheologiýa ylmynyň tükeniksiz hazynasy hasaplanylýar. Bu toprakda daş asyryndan başlap, giçki orta asyrlara çenli taryhy ösüşiň tapgyrlaryna şaýatlyk edýän ýadygädyrlikleriň ençemesi saklanyp galypdyr.
Biziň ýurdumyza asman astyndaky muzeý diýýärler. Welaýatlaryň ählisinde arheologik we arhitektura ýadygärlikleri bar. Kaka etrabynyň Mäne obasyndan 4 km gündogardaky Altyndepe hem şolaryň biridir. Hut şu ýerde gadymy ekarançylyk oturymly ýerleriň ençemesi, Ýylgyndepe we Altyndepe ýaly iri ilatly ýerler döräpdir, olar Namazgadepe bilen birlikde bütewi medeni umumylygy kemala getiripdir. 26 ga ýeri tutýan Altyndepe şäheri daş-töwereginden 17-22 metr ýokarda ýerleşýär. Ägirt uly meýdanda sudury ýiten gum depeleri bileleşip bütewi arhitektura ýadygärlikleri toplumyny kemala getirýär.
Bu “ilki şäheriň” çig kerpiçli gala diwarlary, galyň kese burçly sütünli diňli derwezeleri bolupdyr. Alymlaryň pikirine görä, Altyndepede 11-12 müň adam ýaşapdyr. Ol ilkinji gezek 1929-njy ýylda A.A.Semýonowyň ýolbaşçylygyndaky Haweran topary gazuw-agtaryş işlerini geçirende ylmy taýdan öwrenildi. XX asyrda arheologlar В.A.Kuftin, A.A.Maruşşenko, A.F.Ganýalin, D.D.Durdyýew, Ýe.Atagarryýew, Ö.K. Berdiýew, I.N.Hlopin, W.M.Masson, W.l.Sarianidi, I.S.Masimow, G.Gutlyýew, L.B.Kirço, W.A.Zawýalow, G. Gurbansähedow, O.Löllekowa, B.Ödemyradow we beýlekiler Altyndepede gazuw-agtaryş işlerini alyp bardylar.
Türkmenistany Ylymlar akademiýasynyň Günorta- Turkmenistan arheologiýa topary W.M. Massonyň ýolbaşçylygyndaky Garagum topary otuz ýyl töweregi Altyndepede hem-de ýurdumyzyň beýleki irki ekarançylyk oturymly ýerlerinde gazuw-agtaryş işlerini alyp bardylar. Günorta Türkmenistandan tapylan ummasyz arheologik maglumatlaryň esasynda alymlar Jeýtunyň we Namazgadepäniň yzysüre dörän ösen ekarançylyk medeiýetini ýüze çykardylar. Olar ýönekeý ekarançylyk eýýamyndan (Jeýtun, Änew medeniýetleri) tä çylşyrymly jemgyýete (Altyndepe we Namazgadepe medeniýetleri) ýaly göni ösüş ýolunyň geçilendigini belleýärler.
Orta bürünç eýýamy döwri bu ýerde dürli ýerlerde aýry-aýry binaly, ösen aragatnaşyk (oturymly ilatly ýerlere gelýän, ulag we pyýada ýollarydyr ötükleri) ulgamy bolan, iri dini merkezli ilki şäher bolupdyr. Ol gowy berkidilipdir: onuň töweregi 6 metr galyňlykdaky çig kerpiçden gurlan galyň diwarlar bilen gurşalypdyr. Altyndepäniň demirgazyk çetinde senetçileriň öýleridir ussahanalary ýerleşipdir. Ýaşaýyş jaýlar toplumy oturymly ilatly ýeriň günbatarynda ekeni. Şäher galyndysynyň gündogar tarapyndaky iň beýik depeden arheologlar 30 metr galyňlykdaky medeni gatlagyň üstüni açdylar. Oturymly ýerleriň iň gadymy ojagynyň hut şu ýerde bolan bolmagy hem mümkindir.
Altyndepäniň ekarançylyk toplumy durmuş üpjünçiliginiň esasy bölegi bolupdyr. Giçki eneolit eýýamynda Günorta Türkmenistanda suwarymly ekarançylyk peýda bolýar. Giçki eneolit eýýamynyň galla ammarlarynyň we köp sanly galla arassalaýjy gurallarynyň bolmagy bu ýerde köp möçberde galla ýetişdirilendigine şaýatlyk edýär. Maldarçylyk we awçylyk azyklyk etiň we önümçilikleriň birnäçesi üçin çig malyň çeşmesidir. Giçki eneolitiň—orta bürünç eýýamynyň osteolgiýa maglumatlaryna görä, sürülerde dowarlar, esasanam goýun agdyklyk edipdir. Altyndepe senetçiler merkezi bolupdyr. Ekarançylykdyr maldarçylykdan başga-da has ösen ýöriteleşdirilen senetler (külalçylyk, metallurgiýa we demir işlemek, daş işlemek) onuň ykdysadyýetiniň esasy bolupdyr . Şol döwürde Günorta Turkmenistan, hususan-da Altyndepe çet-gyraky hukukly Gadymy Gündogar siwilizasiýasynyň düzümine giripdir. Irki bürünç eýýamynyň ortasynda Altyndepede emeli minerallaryň—bişirilen steatit we kwars-kristobalit almagyň ( ol düzüminde kremniý bolan çökündi magdanlaryň ýokary gyzgynlykda ýakylmagyndan döreýär) tehnologiýasy peýda bolýar.
Altyndepede ýaşan pederlerimiz birnäçe açyşlar edipdirler. Onuň ilaty eýýäm şol döwürde tigirli ulaglary ulanypdyrlar. Bu ýerden tigirleriň we arabalaryň toýun we bişirilen toýun nusgalary tapyldy. Aglabasy dört tigirli toýun arabalaryň köpsanly nusgalaryndan çen tutsaň, olar düýelere tirkelipdir. Bu ýadygärlikde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde düýe kellesiniň heýkelleri birnäçe gezek gabat geldi. Itleriň toýun şekilleri, atyň bişirilen toýun şekili türkmen alabaýynyň we bedewiniň kökleriniň gadymylygyna şaýatlyk edýär. Itler dykyz göwreli, tumşugy gysga, gulaklary çala bildirip duran we kelte guýrukly edilip şekilendirilipdir. Olaryň bu ýerden tapylan süňklerinden çen tutsaň, itler uly we orta boýly äňi güýçli we tumşugy gysga jandarlar bolmaly. Alymlaryň bürünç eýýamy döwrüne degişli hasaplan itleriniň görnüşi olaryň heýkeldäki şekiline gabat gelýär
Şeýlelikde, Altyndepeden tapylan itleriň toýun şekiljikleri bürünç eýýamynda göwresi dykyz daýaw irtleriň bolandygy baradaky osteologiýa maglumatlaryny tassyklaýar. Bular hem olaryň, belki sürüni ýyrtyjylardan goran çopan itleri, türkmen alabaýlary bolandygyny çak etmäge mümkinçilik berýär.
Altyndepede ybadathanalar köp bolupdyr. Mesopotamiýanyň beýleki ybadathanalarynyň ençemesi ýaly Altyndepedäki ybadathana hem Aý taňrysyna bagyşlanypdyr. Din hyzmatçysynyň guburyndan boýy 7,5 sm bolan firýuzadan ýasalan maňlaýy aý şekilli öküz kellesiniň, şeýle hem boýy 1,5 sm möjek kellesiniň şekiliniň tapylmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, öküz azaby bilen ýeri bolçulyk çeşmesine öwürýän türkmenleriň asly Oguzhanyň tagmasy bolupdyr. Bu ýeriniň ybadathanasynyň arhitekturasy Wawilonyň we Şumeriň şu kysmy binalaryna meňzeýär.
Altyndepe aýrybaşga siwilizasiýa bolmandyr. Ol öz döwrüniň ösen siwilizasiýalry bilen ýakyn etnomedeni we söwda gatnaşyklaryny ýola goýupdyr. Medeni gatnaşyklaryň bir ugry Mesopotamiýa eltse, ikinjisi Ind jülgesine, Harapp siwilizasiýasynyň oba-şäherlerine tarap bolupdyr. Altyndepedäki baýlaryň guburlaryna goýlan, diwarlaryň arasyna goýlan gymmatly zatlaryň arasyndan pil süňkünden ýasalan harapp önümleri tapyldy.
Ösen bürünç eýýamynyň ahyrynda (miladydan öňki II müňýyllyk) Altyndepäniň tutuş gündogar bölegi terk edilipdir, durmuş onuň diňe günbatar böleginde dowam edipdir. Altynepede durmuşyň ýitip gitmegine näme sebäp bolduka? Belki, adamlaryň özi bu ýeri terk edendirler, çünki gadymy ekarançylaryň 2500 ýyllap ýere zor salyp işlemegi netijesinde öňüni alyp bolmaýan ýagdaýlaryň ýüze çykyp, olaryň şäher merkeziniň pese gaçmagyna itergi beren bolmagy hem mümkin. Onuň ilaty Köpetdag eteginiň beýleki taýpalary bilen bilelikde Kelleli jülgesini özleşdiren, beýleki böleginiň bolsa, Amyderýanyň orta akymynda mekan tutan bolmagy mümkindir.