Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki derejesi hoşallyk döredýär ✦ ✦ Türkmen talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» diýen ada mynasyp boldy ✦ ✦ Ykdysadyýet ulgamynda ýetilen üstünlikler ✦ ✦ Hytaý diliniň milli usulyýetini kämilleşdirmekde ähmiýeti ✦ ✦ Hytaý dilini okatmakda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny peýdalanmagyň ähmiýeti ✦ ✦ Iňlis dilindäki tehniki adalgalaryň elektron sözlüginiň ähmiýeti ✦ ✦ Edebi eserlerden peýdalanyp çagalara matematiki düşünjäni öwretmek ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna iş sapary tamamlandy ✦ ✦ Smart tehnologiýalar: häzirki döwrüň innowasion ösüşiniň esasy ugry ✦ ✦ Türkmenistanyň Bitaraplyk ýyllarynda telekommunikasiýa ulgamlarynyň ösüşi ✦
Baş sahypa / Tebigat /«Altyn ýumurtga» - bezeg ösümligi
  30.05.2023
613
«Altyn ýumurtga» - bezeg ösümligi

Bu bezeg ösümligi daşky görnüşi boýunça ýumurtgany ýada salýan dekoratiw ösümlikdir. 

Bezeg baklajany - (Solanum melongena) 1 ýyllyk bezeg ösümlik bolup, özüniň uly ýapraklary, owadan gülleri, goňrumtyl gyzyl, sarymtyl zolakly miweleri bilen tapawutlanýar. Onuň gelip çykan watany Birma we Hindistan çäkleridir.  «Altyn ýumurtga» ösümligi  ilki başlarda ol ýerlerde ýabany görnüşde ösýär. Soňra onuň medenileşdirilen görnüşleri kem-kemden ýaýrap başlaýar. Ilkinji  gezek bu ösümlik  1700-nji ýylda Britan alymy Tomas Jefferson tarapynda ösdürilip ýetişdirildi.

Bezeg baklajanynyň boýy 40 santimetre ýetýär. Gowy ideg edilen ýerlerde bolsa boýy 1 metre çenli ýetýär. Tehniki taýdan bişen miweleri ak süýri, ýumurtga görnüşini ýada salýar. Miweleri ilki başlarda ownuk ak, soňra bolsa kem-kemden  sary reňke geçýär. 

Ösdürilip ýetişdirilişi: Ony ösdürip ýetişdirmek üçin topragy toýun we toýunsow bolmaly we ösdürilip ýetişdirilýän ýerleri güneşli, penjireli, ýagty düşüp durýan ýer bolmaly. Tohumlar fewral-mart aýlarynda biri- birinden 2,5 sm daşlykda  nahal gutularynda ýa-da küýzelerde ekilýär. Soňra 1 santimetr  galyňlykda ownuk mes toprak bilen örtülýär we gowy basylýar.  Şitiller  ekmäge taýyn bolanda aýazyň we yssy howpunyň  ýok wagtlary, takmynan howanyň  20 gradus derejesinde wagty olary hatarlara ýerleşdirmeli. Onda hatarlaryň aralary 60 santimetr, ösümlik aralary  bolsa 30-40 sm aralykda ekilmeli. Bezeg baklajanynyň topragyny çygly saklamaly, her 2-4 hepdeden dökünläp durmaly. Ekişden soň tiz-tizden suwarym işlerini geçirmeli we dökünläp durmaly. Aşa basdyryp suwarmak hem bolmaýar, sebäbi baklajanda wilt, çüýreme keselleriniň döremegine getirýär. Ekiş geçirilenden 6-8 aýdan soň gülläp başlaýar.

Bezeg baklajany ajaýyp tagam häsiýetine eýedir. Ondan dürli hili işdäaçarlar, tagamlar  taýýarlanýar, işdäaçarlar taýýarlananda baklajan gowrulan, gaýnadylan we çig görnüşlerde peýdalanylýar. 

 

Gülruh BEKIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň 
3-nji ýyl talyby.