Altyn balyjaklar tebigatyň täsin gözelligi hasaplanýar. Altyn balyjaklar-karplar maşgalasynyň wekilleriniň biridir. Hytaýlylar bu balyjagy gadym döwürlerden bäri ösdürip ýetişdiripdirler. Balyklarda köp bolmadyk gyzyl ýa-da altyna meňzeş pigmentli öýjükleri bolýar. Adamlar seçgi işlerini geçirmek netijesinde çal, sary pigmentli altyn balyjaklaryň tohumlaryny döredipdirler.
Takmynan IX asyrlarda balykçylar tarapyndan altyn balyjaklar tutylypdyr. Emma balykçylar bu balyjaklary iýmändirler. Balyklaryň gözel keşbi adamlary haýrana goýupdyr. Şol sebäpli hem ýörite howuzlary döredip olary dirilige saklapdyrlar. Beýle howuzlary ybadathanalaryň golaýynda gurupdyrlar. Dindarlar adamlar bolsa olary yzgider ideg edipdirler we olary iýmitlendiripdirler. Olar bu balyjaklary özleriniň goragçysy hökmünde kabul edipdir. Olar ähli bela beterlerden goraýar diýen düşünjä ynanypdyrlar.
Hytaýlylar takmynan 1000 ýyl mundan ozal altyn balyjaklary eldekileşdirip başlapdyrlar. Ýaponiýada bu balyjaklary XVI asyryň ahyrynda uly gyzyklanma döreýär. Soňra olar ýewropa ýurtlaryna ýaýraýarlar. Altyn balyjagy Makaoda suw çüwdürimlerini we akwariumlary bezemek üçin satyn alypdyrlar. Angliýada altyn balyjagyň ilkinji suratyny tebigaty söýüjiler tarpyndan şekillendirilipdir. Hemmeler balyklaryň şekiline şübhesiz täsinlik hökmünde geň galypdyrlar. 1884-nji ýyldan 1894-nji ýyla çenli altyn balyjaklar Baltimora, Waşingtona, Kolumbiýanyň töwereklerine ýaýraýar. ABŞ-yň balyk hojalygyna her ýyl altyn balyjagyň 20000 golaýy ugradylýar. Ýüz ýyl mundan öň Orta Aziýanyň balyk hojalygynda bu balyjagy ösdürip ýetişdirip başlapdyrlar. Hindistanyň Grassyfork balyk hojalygynda altyn balyklaryň bir ýylda 2 mln golaýyny ösdürip ýetişdirýärler. Grassyfork balyk hojalygynda altyn balyjagyň ösdürilmegi bilen ol ýer syýahatçylaryň köp barýan ýerine öwrüldi.
Altyn balyjaklar hakynda 40000 sany ylmy iş goraldy. Bu balyklaryň iň esasy üýtgeşik alamatlarynyň biri hem görüş nerwisiniň işini täzeden dikeldip bilmekligidir. Mundan başga-da, onuň gowy ösen ýatkeşligi, derisiniň üsti bilen günüň şöhlesini duýujylygy hasaplanylýar.
Karplar çalt köpelýärler we horan iýijiler hasaplanylýar. Olar howuzlaryň ýa-da kölleriň düýbini bulandyrýar. Bulançak suwda suwotularyň ösüş derejesi peselýär. Olar islendik ýere aňsatlyk bilen uýgunlaşýarlar we suwda giň temperatura aralygynda ýaşap bilýär. Balykçylar altyn balyjaklary ýörite aldawaçlaryň kömegi bilen tutmagy başarýar. Bu balyklary öý şertlerinde köpeldip we ösdürip bolýar. Altyn balyjaklar ýabany şertlerde, ýagny gazaply gyşda ýaşaýşyny dowam etdirmek üçin özleriniň ölçeglerini ulaldýarlar. Kolorado ştatynyň Teller kölinde 2015-nji ýylda balykçylar Balyk hojalyk komissiýasynyň rugsat bermegi netijesinde kölde elektrik togyny täsir etdirip 3000 sany altyn balyjaklary tutdylar. Altyn balykjaklaryň tiz köpelýänligi we işdämenlik bilen iýmiti iýýänligi üçin Koloradoda, Newadada, Nýu-Ýorkda, Demirgazyk Karolinada altyn balyjaklar ekosistema howp salýan, esasy çeşmeleriň hataryna goşuldy.
Enebaý ANNALYÝEWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby