Düwürtikli örgünler ýetginjek ýaşlarda has köp duş gelýär. Ýöne käbir ýagdaýlarda olar gyz ýetişip, oglan ýigit çykandan soň hem ýok bolup gidibermeýär. Galyberse-de, akne diňe bir ýetginjeklik döwründe däl-de, eýsem, islendik ýaşda (köplenç aýallarda) döräp bilýär. Alymlaryň dürli ýaşly aýal-gyzlaryň müňüsini öz içine alýan uly toparynda geçiren sorag-jogap alyşmasynyň netijesi olaryň 50%-inde 20-29 ýaşda, 35%-inde 30-39 ýaşda, 26%-inde 40-49 ýaşda akneniň ýüze çykandygyny görkezdi. Käbir ylmy maglumatlara görä, 25 ýaşdan 50 ýaşa çenli zenanlaryň her sekizisinden birinde düwürtikli örgünler döreýär. Umuman, Ýer yklymynyň ilatynyň takmynan 85%-inde belli bir ýaşda akne bilen baglanyşykly mesele ýüze çykyp bilýär.
Akne belli-belli sebäplere görä deridäki ýag mäzleriniň işjeňliginiň kadadakydan ýokarlanmagy netijesinde ýüze çykýan näsazlykdyr. Ýag mäzleriniň artykmaç çykyntgylary (sebum), jansyzlanan deri öýjükleri, deride saklanyp galan keratin (belok) derini dykýar. Deride bu maddalardan düwürtikleriň emele gelmegine itergi berýän bakteriýalar peýda bolýar. Olar sebum we beloklar bilen iýmitlenip, köpelýärler. Ýag we saç follikullarynda (haltajyklar) bakteriýalaryň işjeňleşmegine jogap hökmünde gaýnaglama hadysasy ýaýbaňlanýar. Deride dykylan, guran ýaglar (komedonlar) gara nokatjyklar görnüşinde peýda bolýar. Gara nokatjyklaryň reňki derini dykýan maddalar bilen kislorodyň birleşmegi netijesinde himiki reaksiýanyň (okislenme) bolup geçýändigi bilen baglanyşyklydyr. Komedonlar diňe bir ýüzde däl-de, eýsem, döş töwereginde, arkada, bilde hem bolup bilýär.
Deridäki ýag mäzleriniň işjeňleşmegine getirýän sebäpler köpdür. Jahyllyk düwürtikleriniň döremeginiň sebäpleriniň arasynda ýetginjeklik döwrüne mahsus bolan gormonal üýtgemeler, nesilleýin meýillilik, stresler, kadaly däl iýmitleniş, ultramelewşe Gün şöhlesiniň täsiri, derä nädogry garaşyk edilmegi has köp duş gelýär. Olara ýekän-ýekän seredip geçeliň.
- Nesilleýin meýillilik
Deri öýjükleriniň ölçegi we sany esasan genetiki ýagdaýda şertlendirilendir. Adatça giň ölçegli öýjükler has köp duş gelip, olar kislorodly okislenen bölünip çykmalar bilen dykylmaga meýillilikli bolýar.
- Gün şöhlesiniň täsiri
Ultramelewşe Gün şöhlesi gaýnaglama garşy täsire eýe bolup, bu hadysanyň alamatlaryny azaldýar. Ýöne Günüň bu täsiri ujypsyz bolýar. Üstesine, ultramelewşe şöhlelenmäniň täsiri bilen deri guraýar, onuň duýgurlygy has ýokarlanýar. Diýmek, ýag mäziniň bölüp çykarýan sebumynyň mukdary artýar. Beýleki bir tarapdan, Gün şöhlesi deridäki bakteriýalaryň ýaşamagy üçin oňaýly şertleri döretmek bilen, düwürtikleriň köpelmegine itergi berýär.
Gün wagtyň geçmegi bilen deriniň ortaky gatlagynyň (derma) düzümine girýän kollagene täsir edýär. Mälim bolşuna görä, kollagen deriniň dartylyp durmagyny, onuň çeýeliginiň, juwanlygynyň uzak wagtlap saklanmagyny üpjün edýän belokdyr. Kollagen azalanda deri goldawdan mahrum bolýar, maýyşgaklygyny ýitirýär, ýag mäzleriniň artykmaç çykyntgylary deriniň daşyna doly çykyp bilmän, mäzleriň içinde galýar. Munuň netijesinde deride gaýnaglama hadysasy ýüze çykýar, düwürtikler döreýär, köpelýär, olar aýrylandan soň hem ömürlik nagralar (rubes) galýar. Ýeri gelende bellemeli: kollagen tebigy ýagdaýda ýylda kem-kemden azalýar. Ultramelewşe şöhlelenme kollageniň azalmagyny tizleşdirýär.
- Gormonal üýtgemeler
Ýetginjeklik döwründe has köp işlenilip çykarylyp başlanýan androgen gormonlary deri ýagynyň öndürilişine uly täsir edýär. Şol bir wagtda, ýag mäzleriniň öýjükleriniň gandaky androgenlere duýgurlygy ýokarlanýar. Deri ýagynyň öndürilişine şeýle hem ösüş gormony itergi berýär. Bedende linol turşusynyň ýetmezçilik etmeginiň we erkin ýag turşularynyň köpelmeginiň düwürtikleriň döremegine belli bir derejede täsir edýändigini hem, ýeri gelende bellemeli.
- Stresler, dowamly nerw dartgynlylygy
Stres döredýän, nerwleri dartgynlaşdyrýan, göwnüçökgünlige (depressiýa) duçar edýän, tolgundyrýan, howsala düşürýän islendik bir ýagdaý bedendäki gormonal deňeçerligiň (balans) bozulmagyna getirip, akneniň döremegine, köpelmegine itergi berip bilýär. Amerikaly alymlar akne anyklanan talyplarda synaglaryň öň ýanynda jahyllyk düwürtikleriniň köpelýändigini ylmy maglumatlara esaslanmak bilen subut etdiler.
- Kadaly däl iýmitleniş
Düzüminde köp mukdarda ýaglar (ýagly et, gaýmak, süýt, mesge, saryýag), uglewodlar, onda-da ýokary glikemiki indeksli, ýagny tiz özleşýän uglewodlar saklanýan önümler (şeker, gant, bal, tort, köke, ak bugdaýyň çöregi, süýji tagamly gazly we gazsyz içgiler) akneniň döremek ähtimallygyny ýokarlandyrýar. Şokolad hakynda aýdylanda bolsa, ony öndürmek üçin esasy çig mal bolup durýan kakao kösügi düwürtikleriň örmegine getirmeýär. Şokolada goşulýan emeli süýjülikler, süýt önümleri artykmaç mukdarda ulanylanda derä ýaramaz täsir edýär. Şokoladyň düzüminde kakao kösügi näçe köp, şekerdir süýt näçe az bolsa, bu önümiň glikemiki indeksi şonça-da peselýär. Öňem bellenilişi ýaly, ýokary glikemiki indeksli (rafinirlenen) uglewodlar köp saklanýan önümler zyýanly bolup, olar gandaky kortizolyň, insuliniň derejesini ýokarlandyrýar. Munuň özi ýag mäzleriniň öndürilişini işjeňleşdirýär, deriniň dykylmagyna getirýär, akneniň geçişini agyrlaşdyrýar. Şoňa görä, süýtli, süýji tagamly şokoladlary däl-de, sap kakao kösüginden ýasalýan ajy tagamly, gara reňkli şokoladlary iýmek peýdalydyr. Olar kelle beýnisiniň, nerw ulgamynyň işine-de oňyn täsir edýär.
Gije köp iýmek endigi düwürtikleriň örmegine, köpelmegine belli bir derejede täsir edip bilýär. Uky wagtynda fermentler maddalaryň alyş-çalyş önümlerini daşary çykarýar, bedeni zäherli iýmit galyndylaryndan arassalaýar. Ýatmazdan öň iýmit, onda-da süýji, ýagly, ýiti tagamly önümler iýlip-içilende fermentler özüniň bu tebigy funksiýasyny ýerine ýetirmäge derek iýmiti özleşdirmek bilen meşgullanýar. Netijede, toksinler endamdan daşary çykman, bedende galýar we ilki bilen derini zaýalaýar.
Derini zäherli maddalardan arassalamakda suw hem uly ähmiýete eýe bolup durýar. Her gün azyndan 1,5 litr arassa agyz suwuny içmeli. Ondan daşary ajy bolmadyk çaý, kofe (az mukdarda), süýji bolmadyk gök önüm we miwe şirelerini, mineral suwlary içip, bu görkezijini 2,5 litre ýetirmek mümkindir. Bu içgiler bedeni talap edilýän peýdaly maddalar bilen baýlaşdyrýar.
- Derä nädogry garaşyk edilmegi
Sabynlar (bakteriýalara garşy täsirli görnüşlerinden başgasy köp ulanylanda) deriniň goraglylygyny peseldýär, ýag mäzlerini has işjeňleşdirýär. Düzüminde ýaglar, mazlar, lanolin saklanýan kremler, käbir kosmetiki we tämizleýji serişdeler, şol sanda, derä çuň aralaşyp arassalaýan skrab, piling, derini zeperlendirip bilýän gaty sürtgüç düwürtikli örgünleriň döremegine sebäp bolup bilýär.
Ýygy-ýygydan ýuwunmak, häli-şindi el-ýüzüňi ýuwmak endigi derini onuň tebigy ýaglaryndan mahrum edýär. Bu bolsa deriniň suwsuzlanmagyna, onuň duýgurlygynyň ýokarlanmagyna, ýag mäzleriniň işjeňleşmegine, ahyrky netijede, bölünip çykýan sebumyň mukdarynyň köpelmegine we deri öýjükleriniň dykylmagyna sebäp bolýar.
Derä jahyllyk düwürtikleriniň örmeginiň, dörän düwürtikleriň köpelmeginiň öňüni almak, olary aýyrmak üçin umuman, deriniň, aýratyn hem, ýüzüň derisiniň sagdyn, arassa, owadan bolmagyny gazanmak üçin etmeli zatlar!
— Ilki bilen derä, onda-da ýüzüň derisine dogry ideg etmegiň jahyllyk düwürtikleriniň öňüni almakda uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny bellemelidiris.
- Günüň dowamynda mümkinçilik bar bolanda 2 gezek: irden we agşam duşa düşmek ýeterlikdir. Bakteriýalara garşy täsirli sabynlary ýa-da ýagsyz gelleri, ýörite ýumşak sürtgüçleri ulanmaly. Beýleki maşgala agzalarynyňkydan aýrybaşga elsüpürgiç we tensüpürgiç edinip, diňe şolar bilen süpürinmeli.
- Daşardan gelinende, hajathanadan çykylanda, nahardan öň we soň, şeýle hem, haýsydyr bir ýokanç kesele duçar bolan näsag bilen galtaşyk edilende elleriňi bakteriýalara garşy täsirli sabyn bilen ýuwmaly we şahsy süpürgijiň bilen süpürmeli.
- Hapalanmadyk, tozan siňmedik bolsa ýüzüňi günde 2 gezek ýuwmak ýa-da ýörite serişde bilen arassalamak ýeterlik bolýar. Sabynyň, serişdeleriň bakteriýalara garşy täsirli görnüşlerini ulanmak maslahat berilýär. Tämizleýji serişdäni ýüzüňe barmaklaryň ujy bilen (owkalaýjy hereketlendirip) çalmaly we soňra mylaýym suw bilen ýuwup aýyrmaly.
- Ýuwunmak, derini arassalamak, oňa ideg etmek üçin niýetlenen serişdeleri her kim öz derisiniň görnüşine (ýagly, gurak, aram ýagly) laýyklykda saýlamaly.
- Derä çuň aralaşyp arassalaýan skrab, piling ýaly serişdeleri hepdede 2 gezek ulanmak bilen çäklenmeli. Derini çyglylandyryjy, Günüň ultramelewşe şöhlesinden goraýjy kremleri ulanmagy welin, gündelik endige girizmeli.
- Hlorlanan basseýne, açyk suw howdanlarynda suwa düşülenden soň hökman duş kabul etmeli. Soňra derä ýagsyz losýon çalmak bolýandyr. Bu çäreler derini gyjynmadan goraýar, onuň guramagynyň öňüni almaga ýardam edýär.
- Düwürtikli örgünlere garşy göreşde bakteriýalary ýok etmek hem-de deri öýjüklerini arassalamak uly ähmiýete eýe bolup durýar. Düzüminde bakteriýalara garşy täsirli antiseptiki we arassalaýjy häsiýetli salisil turşusy saklanýan kremler bu wezipelere üstünlikli hötde gelmäge ýardam edýär.
- Ýetginjeklik ýaşynda peýda bolan düwürtiklerde epidermisiň (deriniň üstki gatlagy) öýjükleriniň tozgalanmasyny azaldýan, deri ýagynyň işlenilip çykarylyşyny kadalaşdyrýan serişdeleri peýdalanyp, derini arassalap durmak möhümdir. Uly ýaşly adamlarda salisil turşusynyň we retinoidleriň esasynda ýasalan, düzüminde ultramelewşe şöhlelenmeden goraýjy maddalary saklaýan serişdeleri ulanmak maksada laýykdyr. Ýöne düzüminde salisil turşusy we retinoidler saklanýan kremleri gündiz däl-de, agşamara ulanmaly. Ertesi irden derä ultramelewşe şöhlelenmäniň täsirini azaldýan kremleri çalmaly. Ýogsam, deride goňur reňkli (pigmentli) menekleriň peýda bolmagy mümkindir.
- Tomusda Gün şöhlesiniň zyýanly täsirinden goraýan kremlerden başga serişdeleri, atyrdyr gülaplary hem ulanmakdan saklanmaly. Tomusda saýawan götermek, Günden goraýjy äýnegi dakynmak hem hökmandyr.
- Zenanlar gözellik serişdeleriniň turşularyň, retinoidleriň esasynda ýasalan, gaýnaglama we allergiýa garşy täsire eýe bolan, deri öýjüklerini dykmaýan görnüşlerini ulanmalydyr.
- Düwürtikli derä ideg etmek, arassalaýjy, çyglylandyryjy, ultramelewşe şöhlelenmeden goraýjy hem-de görk beriji serişdeleri saýlamak boýunça kosmetolog ýa-da deri keselleri lukmanlary bilen maslahatlaşmaly.
- Käbir endikleriň deridäki düwürtikleriň köpelmegine, deriniň zaýalanmagyna getirip bilýändigini ýatda saklamaly. Olara ýüzüňdäki kosmetiki boýaglary aýyrman ýatmak, düwürtikleri sykmak, burny dyrmalamak, maňlaýy, eňegi sypalamak, ýüzüňe häli-şindi el degirmek ýaly endikler degişlidir.
- Gündelik iýmitiňde iýmitiň öz wagtynda siňmegine itergi berýän kletçatkalara, ýokançlara garşy durmaga kömek edýän, immuniteti berkidýän С witaminine, düwürtiklerden soň nagralaryň (rubes) galmagynyň öňüni almaga ukyply E witaminine, deriniň ýagdaýyna oňyn täsir edýän A witaminine, B witaminler toplumyna, hususan-da, testosterona duýgurlygy peseldýän B₈ witaminine, mise, hroma, molibdene, demre, aýratyn hem, ýag mäzleriniň işini kadalaşdyrýan sinke baý bolan iýmit önümlerini (süýji bolmadyk ir-iýmişdir miweler, ter gök otlar, galla we turşy süýt önümleri) ulanmaly. Ajy çaýy, kofäni, gazly içgileri köp içmezlige çalyşmaly.
- Işjeň hereket etmeli, arassa howada gezelenç etmeli.
Dermanlyk ösümlikleriň melhemliklerini peýdalanmaly:
1). Sekiz gat hasany aloe ösümliginiň şiresine ezmeli. Hasany sykyp, düwürtikleriň ören ýerine ýapmaly we deride 30 minutlap saklamaly. Ýapgyny 10 günläp her gün, 20 günläp günaşa ýapmaly. Soňra bu çäräni 5 hepdäniň dowamynda hepdede 2 gezek gaýtalamaly. Aloeniň şiresiniň ýapgysyny jemi 30 gezek ulanmaly.
2). Petruşkanyň ýapraklaryny biraz wagtlap gaýnag suwda saklap, ýumşatmaly. Düwürtikli ýerlere ýapyp, soňra mylaýym suwa ýuwmaly. Bu çäräni günde 2 gezek: irden we agşam gaýtalamak maslahat berilýär. Ýapgylary lukman bilen maslahatlaşyp ulanmaly.
— Uly ýaşly adamlarda düwürtikleriň döremegine sebäp bolýan zatlar:
Uly ýaşly adamlarda derä düwürtikli örgünleriň örmeginiň esasy sebäpleri hökmünde 3 ýagdaýy görkezmek mümkindir.
1. Bedende gormonlaryň, hususan-da, jyns we galkan şekilli mäziň gormonlarynyň deňeçerliginiň bozulmagy (disbalans), aglaba ýagdaýda erkek gormonlarynyň, esasan, testosteronyň öndürilişiniň kadadakydan ýokarlanmagy uly ýaşly aýallarda ýag mäzleriniň işjeňleşmeginiň, munuň netijesinde derä düwürtikleriň örmeginiň has köp duş gelýän sebäbidir. Munuň beýleki bir sebäbi gipofiz mäziniň, böwregüsti mäzleriň näsazlyklary bilen baglanyşyklydyr. Göwrelilik, aýbaşy, klimaks (aýbaşydan galynýan) döwürleri, göwrede çaga galmagyna garşy täsirli derman serişdeleriniň ulanylmagynyň bes edilmegi hem gormonlaryň işiniň bozulmagyna getirip, akneniň geçişini agyrlaşdyryp bilýär. Bu ýagdaýy göz öňünde tutup, ýetginjeklik döwründen soň peýda bolan düwürtiklerde endokrinolog, ginekolog lukmanlar bilen maslahatlaşmak maksada laýykdyr.
2. Iýmit siňdiriş ulgamynyň näsazlyklary: gastrit, holesistit, pankreatit, gepatit, enterokolit, lýamblioz ýaly keseller ýag mäzleriniň işjeňliginiň ýokarlanmagyna getirip, derä düwürtikleriň örmegine itergi berip bilýär. Düwürtikli keseliň içegäniň disbakteriozy (içgeçme) bilen utgaşyp gelýän halatlary köp duş gelýär. Bu ýagdaýda terapewt, gastroenterolog, gepatolog lukmanlaryň kömegi bilen anyklaýyş-bejeriş işleriniň geçirilmegi zerurdyr.
3. Badam şekilli mäziň näsazlyklary bilen 25 ýaşdan soň derä düwürtikleriň örmeginiň arasynda arabaglanyşygyň bardygyny lukmanlaryň iş tejribesi görkezýär. Olar düwürtik dörän uly ýaşly adamlaryň köp sanlysynda tonzillitiň anyklanandygyna üns berýärler. Tonzillit badam şekilli mäziň gaýnaglamaly keseli bolan anginanyň dowamly görnüşidir. Badam şekilli mäz sagdyn bolmasa, bedendäki toksinleriň endamdan daşary çykarylmagy bozulýar. Munuň netijesinde ýag mäzleriniň işjeňligi kadadakydan ýokarlanýar. Şol sebäpden, eger, 25 ýaşdan soň deride düwürtikler döreýän bolsa, onda ýokanç keseller ýa-da gulak, burun, bokurdak lukmanyna ýüz tutmak zerurdyr.
Belläp geçsek, nädogry saýlananda, ýerliksiz ulanylanda dermanlaryň gapdallaýyn ýaramsyz täsir edip, deriniň ýagdaýyny erbetleşdirip, hatda düwürtikleriň köpelmegine-de getirip biljekdigini unutmaly däl. Meselem, poliwitaminler, antibiotikler lukmandan birugsat, özbaşdak ulanylanda, deriniň Gün şöhlesine duýgurlygyny güýçlendirip, pigmentli menekleriň döremegine, düwürtikleriň köpelmegine getirip bilýär.
Kemal GUDRATULLAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky
TDLU-nyň mugallymy,
lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.