logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Culture /“Ak bugdaý” muzeýi
  17.03.2022
2574
“Ak bugdaý” muzeýi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky milli “Ak bugdaý” muzeýi Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde ýerleşýär we ýurdymyzda iň uly muzeýleriň biri hasaplanýar. Bu taryhy muzeýiň açylanyna uzak wagt hem geçmedik bolsa uly at-abraýdan peýdalanýar. Çünki gysga döwrüň içinde ýaşlaryň, syýahatçylaryň ýüzlerçesi gelip, türkmen halkynyň taryhy medeni we sungat ýadygärliklerini, arheologik tapyndylaryny, türkmen gelin-gyzlarynyň gadymy lybaslaryny synlap, öz gözýetimiňi giňeltmäge uly mümkinçilik berýär.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky milli “Ak bugdaý” muzeýi 2005-nji ýylyň 15-nji iýulynda, ýurdymyzda Galla baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde açyldy. Bu taryhy muzeý 1-nji we 2-nji gatdan ybarat bolup, 4 bölümden durýar.

1. Arheologiýa bölümi.

2. Etnografiýa bölümi.

3. Oba hojalyk we ekerançylyk bölümi.

4. Berkararlyk bölümi.

Arheologiýa bölüminde arheologiki gazuw agtaryş işleri geçirilende tapylan tapyndylar, şeýle-de bugdaý dänesi, keramiki toýundan ýasalan önümler, küýze bölekleri saklanylýar. Biziň eramyzdan öňki II-müň ýyllykda atyň saklanandygyny aýan edýän atyň dişi we injik süňki saklanýar.

Etnografiýa bölüminde geçen döwürde ene-mamalarymyzyň geýen milli egin-eşikleri, agaçdan we misden ýasalan dürli görnüşli gap-gaçlar, dürli nagyşlar bilen gaýalan kürteler, zenan köwüşleri, ýagny gyrma köwüşler, bökeje köwüşler saklanýar. Şonuň bilen birlikde hem erkek adamlaryň geýýän çokaýlary hem saklanýar. Bu köwüşleriň ählisi iri şahly mallaryň hamyndan, derisinden saklanýar.

Oba hojalyk we ekerançylyk bölüminde zähmetkeş babadaýhanlaryň ýerleri abatlamak barada ulanan zähmet gurallary, ýagny baranalar, azallar, el degirmenleri, degirmen daşlary we meýdan işinde ulanýan oba hojalyk gurallary saklanylýar. Baranalar kesekli ýerleriň kesegini döwmek üçin, azallar bolsa sürülen ýerlerden joýa çekmek üçin ulanylypdyr.

Muzeýde türkmen halkynyň buýsançly geçmişi barada gürrüň berýän medeni gymmatlyklar bilen bir hatarda biziň şu günki ajaýyp döwrümiziň üstünlikleriniň maglumatlary hem öz ornuny tapýar. Bu maglumatlarda geçmiş bilen şu gün birleşip, döwrüň ruhy bitewililigini emele getirýär.

Şeýle-de, bu muzeýde Ata Watanymyzyň häzirki ösüşli günleri giňişleýin suratlandyrylýar. Geçmiş taryhymyzy has-da içgin öwrenmek maksady bilen häzirki wagtda milli “Ak bugdaý” muzeýi mekdep okuwçylarynyň, ýaşlaryň, syýahatçylaryň yzygiderli gelýän ýerlerine öwrüldi.