Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ekologiýa medeniýeti boýunça gyzykly oýunly duşuşyk ✦ ✦ Ýaş ykdysadyýetçiler telekeçilik dünýäsi bilen tanyşdylar ✦ ✦ Balkan matematika olimpiadasynda altyn we kümüş medallar ✦ ✦ Tejen etrabynda hukuk sowatlylygy barada okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Mämmet Seýidowyň 100 ýyllygy Bäherdende dabaralandy ✦ ✦ Gara Seýitliýewiň 110 ýyllygy Bäherdende dabaraly bellenildi ✦ ✦ Awazada Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça halkara maslahat geçiriler ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti FFD4 halkara maslahatyna gatnaşýar ✦ ✦ Sanly ulgam — döwrebap ösüş ✦ ✦ Talyp ýaşlar sungatda öwrenen hünärini ylmy esasda açyp görkezýärler ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Ahalteke bedewi – ebedi buýsanjymyz
  21.11.2022
1298
Ahalteke bedewi – ebedi buýsanjymyz

Gadymyýetden şu güne çenli ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri  türkmen halkynyň ruhy galkynyşy, uçar ganaty hasaplanyp gelipdir. Ahalteke bedewlerimiziň öz köküni has gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygyny taryh subut edýär. Türkmenistanyň çäklerinde ahalteke bedewiniň bäş müň ýyl mundan ozal eldekileşdirilendigi gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde subut edildi. Taryhy maglumatlara görä, Türkmenistan Watanymyz diňe bir ahalteke bedewleriniň mekany bolmak bilen çäklenmän, eýsem Gündogarda atlaryň ilkinji eldekileşdirilen ýeri hem bolupdyr. «Atym bar – ganatym bar» diýýän halkymyz türkmen bedewlerini buýsanjy hem şöhraty hökmünde arzylaýar. Türkmen topragynda doglan ahalteke bedewi tebigatyň we adamyň ösen zähmetiniň we akyl-paýhasynyň peşgeş beren ajaýyp sazlaşygynyň, owadanlygynyň, gözelliginiň gaýtalanmajak nyşanydyr. Türkmen bedewleriniň owadanlygy, ýyndamlygy göreni özüne bendi edýär. Türkmen halky bedew atyny kalbynyň buýsanjyna, egsilmez guwanjyna deňäp ezizleýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda: «Gadymy türkmen taryhynyň tebigatyndan we zähmetsöýer halkynyň aýratyn zehininden kemala gelen ahalteke bedewi özüniň gany bilen ähli münülýän atlaryň görnüşlerini yzda galdyryp, ýer ýüzüniň atçylyk sungatyny öz yzyna düşürip alyp gitmegiň hötdesinden geldi» diýen çuň manyly setirler getirilýär. Ahalteke bedewleriniň şöhratly taryhyny şöhlelendirýän bu jümleler her birimiziň ýüregimizde egsilmez buýsanjy oýarýar. Türkmen bedew atlarynyň şan şöhraty taryhyň dürli döwürlerinde türkmeniň iň ýakyn ýoldaşy, kyn gününde syrdaşy bolupdyr. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewleriniň at-abraýyny we şan-şöhratyny has-da belende götermek babatda netijeli işler alnyp barylýar. Atşynaslyk däplerini ösdürmek we dünýä ýüzünde ýaýmak ugrunda alyp barýan ajaýyp işler bagtyýar döwrümizde öz aýdyňlygy bilen şöhlelenýär. Aýlawlary şöhratly menziller bilen geçýän bedewlerimiz bu günki gün ýürekleri buýsanja besleýär.

Türkmeniň ahalteke bedewlerine bolan beýik sarpasy özüniň ebediligi, müdimiligi bilen göwünleri galkyndyrýar. Türkmen edebiýatynyň görnükli ýazyjydyr-şahyrlarynyň döredijilik dünýäsinde hem uly orun alan bedew türkmen bedewleriniň owadanlygynyň, ýyndamlygynyň nusgasy bolup janlanýar. Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewi türkmeniň at-abraýyny dünýä ýaýýan ýyndamlygyň hem gözelligiň özboluşly nusgasydyr. 

 

Rozajan ATAMURADOWA,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň talyby.