At we atçylyk türkmen halkynyň taryhy geçmişinde Watany goramakda we gündeki ýaşaýyş durmuşynda, harby we hojalyk serişdesi bolup hyzmat edipdir. At adam bilen bir hatarda sport ýaryşlaryna gatnaşýan ýeke-täk jandardyr. Halkara atly sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmek bilen, bedewlerimiz eziz Diýarymyzyň abraýyna abraý goşýarlar. Ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek üçin «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň ýanynda Atçylyk sport mekdebi, milli at üstündäki oýunlar boýunça Galkynyş at üstünde oýunlar topary, şeýle-de atçylyk toplumynda atçylyk sportunyň nusgawy görnüşleri boýunça bölümler hereket edip, ol ýerde türkmen ýaşlary milli at üstündäki oýunlar boýunça hünär ussatlygyny kämilleşdirýärler.
Atçylyk sportunyň ýönekeý görnüşleri ir wagtda döräp başlaýar. Oňa Orta Aziýa halklarynyň at üstündäki dürli oýunlary, söweş tälimleri mysal bolup biler.
Atçylyk sportunyň soňky maksady üýtgemän, beden taýdan sagdyn, özüne erk edip bilýän çalasyn türgenleri terbiýelemek bolup galýar.
Wagtyň geçmegi bilen, dürli ýurtlarda atlary sport ýaryşlaryna türgenleşdirmegiň usullary, ýaryş geçirmegiň düzgünleri kämilleşdirilýär. 1921-nji ýylda atçylyk sporty boýunça Halkara Federasiýa (FEI) döredilýär. Federasiýa bütin dünýäde atçylyk sportuna hemaýat edýär. Türkmenistanda Milli atçylyk sporty federasiýasy 1987-nji ýylda döredildi we häzirki wagtda ady agzalan halkara federasiýanyň agzalygyna kabul edildi.
Atçylyk sportunda üstünlik saýlanyp alnan ata bagly bolýar. Atlar saýlanyp alnanda, olaryň tohumy, beden gurluşy, atçylyk sportundaky işjeňligi, süňňi sagatlygy we beýleki görkezijileri göz öňünde tutulýar. Atçylyk sportunyň görnüşleri halkara we olimpiýa oýunlarynyň ýaryş tertipnamasyna laýyklykda geçirilýär. Atçylyk sporty boýunça ýaryşlar şu görnüşler boýunça geçirilýär:
Päsgelçilikden atly bökmek(konkur)
Ol aty ýörite türgenleşdirmek bilen kämilleşdirilen atyň öwredilen çylşyrymly hereketidir. Bu ýaryşlarda dürli beýiklikde, ululykda goýlan päsgelçiliklerden atly bökmek beden taýdan güýçlüligi, özüňe erk etmek talap edilýär. Bu ýaryşlaryň düzgünnamasyna laýyklykda, ýaryşlar çylşyrymlylygy boýunça dürli derejelerde bolup biler. Dürli beýiklikde we çylşyrymly goýlan, ýykylýan we ýykylmaýan päsgelçiliklerden atly böküp geçmek üçin häzirki wagtda atçylyk toplumynyň ýanynda abzallaşdyrylan meýdança guruldy.
Atçylyk sportunyň üç görnüşli ýaryşlary atçylyk sportunyň iň kyn we çylşyrymly görnüşidir. Bu ýaryşda türgen üç gün bir atda manež, gezimi, dürli päsgelçilikli, ýaryş ýollarynda ýaryşmak, päsgelçilikden atly bökmek boýunça ýaryşýarlar. Ýaryşyň 1-nji gününde ýönekeý atly gezim boýunça oýunlar görkezilýär. Ýaryşyň 2-nji gününde beýikli-pesli tebigy we emeli päsgelçilikli ýaryş ýollarynda ýaryşýarlar. Ýaryşyň 3-nji gününde manežiň içinde goýlan päsgelçiliklerden atly bökmek boýunça bäsleşilýär. Atlar ýaryşa başlamazdan, olar weterinar gullugy tarapyndan barlagdan geçirilýär. Diňe fiziologiýa görkezijileri kadaly bolan atlary ýaryşa gatnaşdyrmaga rugsat edilýär.