logo

Latest news:
✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦
Home / Society /Ahal welaýatynyň Arçman şypahanasynyň jana şypaly täsiri
  03.09.2019
4233
Ahal welaýatynyň Arçman şypahanasynyň jana şypaly täsiri

        Türkmenistanyň Prezidentiniň "Saglyk" Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň şypahanalarynyň bejeriş we saglygy dikeldiş ähmiýeti örän uludyr.

        Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän melhem suwly "Arçman" şypahanasy dünýä ülňülerine laýyk gelýän anyklaýyş we bejeriş şypahanasyna öwrüldi. Täze gurulan bina aýratyn ýerleşýän 420 ýatak otaglaryndan, abatlayyş işlerinin geçirilen öňki hereket edýän 500 orunlyk bejeriş binasy bilen bilelikde, bütin ýylyň dowamynda halkymyza ýokary derejede şypahana hyzmatlaryny berýär.

       "Arçman" suwunyň mukdary sekuntda 80-120 litre barabardyr. Esasy bejeriş-azotly gowşaksulfidli (H2518mg/dm3) gowşak minerallaşan gidrokorbanat-sulfat hloridli kalsiýli-natriýli gowşakaşgarly (PH 7,4) subtermal (T+2ç0 C) mineral suwudyr. Gowşak mineralaşmaly sulfidil suwlar üçin görkezme umumydyr daşyndan we içinden ulanmak, şypahana aşgazan-içege keselli, bagryň, öt çykarýan ýollaryň hem-de deri, daýanç-hereket synalarynyň, çetki nerw ulgamynyň keseli, ginekologiki näsaglary bejermekde giň meşgurlyk gazanandyr.

      Şypahananyň bejeriş bölüminde fizioterapiýa, owkalama, ifinerefleks bejeriş, ozokerit, ginekologiki, içege we kentlewik nemlendirmek, bejeriş beden-terbiye otaglary bar. Suw bilen bejeriş bölüminde duş şarko, ýokary galýan duş, kontrast duş, gidromassaj otaglary bar. Şypahanada "Arçman" çeşmesiniň bejeriş suwundan we türkmen topragynda ösýän dermanlyk otlaryndan taýýarlanan wannalar üçin otaglar hereket edýär.

       Anyklaýyş bölimi rentgen, endoskop, ultrases barlag, elektrokardiograf we beýleki enjamlar bilen üpjin edilen. Bu enjamlaryň kömegi bilen näsagyň dokumalaryň kadaly işjeňliginiň dikelýänligi sebäpli organizimde döreýän dürli patologiki ýagdaýlaryň öňüni almaga mümkinçilik döredýär, saglygyny dikeldýän raýatlarymyzyň aşgazan-içege keselleriniň öňüni almak ýa-da olary wagtynda yüze çykarmak, şona laýyklyk-da şypahana bejergisini geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Şeýle-de, anyklaýyş bölüminde inçe hünärmenleriň ýagny terapewitiň, okulistiň, stomatologyň, newropatolygyň, otolaringologyň, ginekologyň maslahatyny almaklyk mümkinçiligi hem döredilen.

       "Arçman" şypahanasyna saglygyny dikeltmäge ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem-de daşary döwletlerden hem raýatlar gelýär.