logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Nature /Afrikanyň iň kiçi guşy
  13.06.2023
1221
Afrikanyň iň kiçi guşy

Mälim bolşy ýaly, janly tebigatyň guşlar dünýäsi özüniň köpdürliligi, täsinligi bilen tapawutlanýar. Tropiki Afrikanyň tokaýlarynda we sawannalarynda dürli görnüşli guşlar ýaşaýar. Olaryň käbiri Ýewropa ýurtlarynyň tebigy ýaşaýjylaryna mälim: olar bu ýerden ortaça giňişliklerden gyşlamaga göçüp barýan guşlardyr. Olar Phylloscopus, Lanius we Oriolus toparyň wekilleridir. Şeýle-de bolsa, köp görnüş özboluşly görnüşi we hatda maşgalalary hem aňladýar. Olaryň biri folidornis «ylmy ady - Pholidornis rushiae» görnüşidir.

Folidornis – ol kiçijik guş, ulularyň bedeniniň uzynlygy bary-ýogy 7,5 sm, agramy 6 g-dan köp däldir. Şeýle ujypsyz ululyk ony Afrikanyň iň kiçijik guşy bolmagyna getirýär. Bu yklymda ýaşaýan Marokko, Tunis daglarynda ýaşaýan kiçijik gyzyl kelleli Regulus ignicapilla görnüşinden has kiçidir - 9 sm. Grek dilinde «folidornis» ady «ownuk guş» diýmegi aňladýar. Olaryň ulularynyň kellesiniň we boýnunyň reňklenmeginiň alamaty - çal görnüşde bolup, köp sanly gara geçindiler bar. Ownuk ululygy, şeýle hem ykjam beden gurluşy folidornis guşuna tokaý ýaşaýjysy şekilini berýär. Bu guş Günbatar we Merkezi Afrikanyň çygly, ýagyşly tokaýlarynda ýaşaýar. Görnüşleriň käbiri jeňňeliň araçäginde hem gabat gelýär, ýagny günbatardan gündogara Uganda we günortada Angola kiçi bölümlerine degişli izolirlenen sebitlerde ýaýran. Şeýle hem Gwineýa aýlagyndaky Bioko adasynda hem ýaşaýar. Şeýle-de bolsa, görnüşleriň ýaşaýşy diňe bir jeňňellik bilen bagly däl-de, eýsem daş-töweregi suw bilen gurşalan ýerler bilen hem baglanyşykly.

Folidornis guşunyň iýmitlenişi esasan mör-möjeklerden ybaratdyr, orta ululykdaky mör-möjekler we kiçi göwrümli mör-möjekler iýmitlenişiniň möhüm bölegini emele getirýär. Bu guşlar tokaýyň ýokarky we orta gatlaklaryndaky ownuk jandarlar bilen iýmitlenýärler, şonuň üçin olary görmek aňsat däl. Köplenç folidornis ýedi wekile çenli bolan maşgala toparlarynda ýaşaýar, ýöne beýleki tokaý guşlaryndan tapawutlylykda garyşyk köp görnüşli sürüleri seýrek ýagdaýda döredýär.

Häzirki wagtky maglumatlara esaslanyp, folidornis çylşyrymly taksonomiýasy bilen uly maşgala bolan Sylvioidea toparyna degişli edildi. Bu görnüşiň köpelmegi barada entek ýeterlik köp zat bilinmeýär. Folidornisiň höwürtgesi ösümlik süýümlerinden gurlup, ol beýik agaçlaryň şahalarynda ýerleşýär we oňa iki ýumurtga guzlaýar. Käwagt erkek wekili hem höwürtge gurmaga, jüýjeleri inkubasiýa etmäge we iýmitlendirmäge gatnaşýarlar. Şuňa meňzeş hereket beýleki guşlaryň köpüsinde-de duş gelýär.

Afrikanyň ýagyşly tokaýlary we olaryň ýaşaýjylary adamlaryň täsiri astynda çalt ýitip barýandygyna garamazdan, folidornis guşy şeýle şertlere ýaşaýşa gowy uýgunlaşdy we tokaýyň köp böleginde umumy görnüş bolmagynda galýar. Tebigaty goramak boýunça halkara bileleşigi bu görnüşi minimal töwekgelçilikli görnüş hasaplaýar we ýeterlik derejede goralmagyny üpjün etmek babatda degişli çäreleri alyp barýar. 

 

Oguljan TUWAKOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
3-nji ýyl talyby.