Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanda CIET-2025 forumy geçiriler ✦ ✦ Ženewada bitaraplyk meselelerine bagyşlanan halkara forum geçirildi ✦ ✦ BMG-niň Baş Assambleýasy «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamany kabul etdi ✦ ✦ «Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Daşkent şäherinde “Aşyk bolmuşam” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Daşkentde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Himiýa boýunça halkara bäsleşikde türkmen talyplarynyň üstünligi ✦ ✦ Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň orny ✦ ✦ Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Abu Seýit Abul Haýyr “Mäne-Baba” barada
  31.03.2022
3366
Abu Seýit Abul Haýyr “Mäne-Baba” barada

Mäne baba kümmeti - Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň merkezinden 116 km, Mäne obasyndan 7 km demirgazyk-günbatarda ýerleşýär. Abu Sagyt Mähneýiniň kümmeti ýurdumyzda saklanyp galan iňňän möhüm ähmiýetli we özboluşly ajaýyplygy bilen tapawutlanýan taryhy-binagärlik ýadygärlikleriň biridir.

Gündogar edebiýatynda Abu Seýit Abul Haýyr lakamy bilen meşhur bolan akyldar hem söz ussady Fazlylla ibn Muhammet ibn Ybraýym häzirki Kaka etrabynyň Mäne obasynyň golaýynda hijri senesi boýunça 357-nji ýylda, mäherrem aýynyň başynda ýekşenbe güni dünýä inipdir. Mäne baba takyk ylmy maglumatlara görä, öz döwürdeşleriniň, şägirtleriniň ýazyp beýan etmegi bilen dogry 1000 aý ýaşap, 83 ýaşynda (83 ýyl dört aý) 1049njy ýylyň 12-nji ýanwarynda dünýäden ötüpdir.

Abu Seýit Abul Haýyryň kakasyna Ybraýym diýer ekenler. Onuň däri-derman, müşki-anbar satýan uly dükany bolupdyr. Ylymdar hem abraýly, bu kişä il-güne haýyrly adam bolandygy üçin Abul Haýyr diýer ekenler. Ol şu lakamy bilen meşhur bolandygy üçin ogluna-da Abu Seýit Abul Haýyr diýen ady dakypdyr.

Mäne babanyň kümmeti bar bolan käbir maglumatlara görä XI asyryň ortasynda bina edilipdir diýlip çaklanylýar. Kümmet gündogaryň beýik akyldary, söz ussady, keramatly pir – Abu Sagyt Abul Haýyryň (967-1-49 ý.ý.) guburynyň üstüne gurdurylypdyr. XIV asyrda kümmeti düýpli üýtgedip gurmak işi geçirilipdir. Ýöne bu mawzoleýiň konstruktiw esasynda täsir etmändir.

Mäne babanyň kümmetiniň üç ýüzi hatdatlaryň eli bilen arap ýazuwynda dini ýazgylar we çeper goşgy setirleri bilen bezelipdir. Kümmetiň esasy girelgesi peştag syrçaly nagyş düzümleri bilen nagyşlanypdyr. Ymaratyň bezeg işlerinde gök, ýaşyl, ak reňkler, peýdalanylypdyr, aýry-aýry ownuk goşmaça nagyşlar bolsa sary kaşin keramikasyndan edilipdir. Esasy girelgäniň ýüzündäki ýazgylar mukaddes Kuranyň sürelerinden aýatlardyr. Bu ýerde tegelek möhür şekilli geometrik bezegdäki ýazgylar ünsüni özüne çekýär.

2005-nji ýylda Mäne babanyň kümmetinde öwreniş we rejeleýiş-dikeldeýiş işleri geçirildi. 2007-nji ýylda bolsa kümmetiň gabat garşysyndaky orta asyr mesjidiniň galyndylaryny gaýtadan berkitmek üçin arheologiýa-arassalaýyş işleri geçirildi.

 Abu Seýit Abul Haýyryň (Mäne baba) - gündogaryň beýik akyldarynyň, söz ussadynyň, keramatly piriň, beýik ynsanyň hatyrasy türkmen soltanlarynyň kalbynda ýaşap, nazaryndan aýrylmandyr. Kümmetiň ýüzlerçe ýyllap gözel görkde durandygyny taryhy maglumatlar habar berýär.