Beýik Ýüpek ýoly ýurtlaryň we halklaryň özara gatnaşygynyň ösmegine ýardam edipdir. Bu ýoluň ugrunda Türkmenistanyň çägindäki Nusaý, Merw, Änew, Maşat-Misserian, Amul, Ürgenç, Haweran, Abiwerd we Dehistan şäherleri hem söwda ýollarynda ýerleşip, uly ähmiýete eýe bolupdyr.
Meşhur taryhy, beýik şahsyýetleri, ajaýyp binalary bolan şäherleriň biri-de Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän Abiwerddir. Abiwerd X-XI asyrlarda gülläp ösen sebit, Sarahs bilen Nusaýyň aralygynda ýerleşen Haweranyň uly şäheri bolupdyr. Meşhur taryhçy Maksidi: “Abiwerd maňa Nusaýdan has gowy ýaraýar, onuň bazary örän gowy, şäheri baý we topragy bol hasylly. Suwy olar derýadan alýarlar. Juma metjidi şäher bazarynda ýerleşýär…” diýip, şäheri gysga, emma anyk suratlandyrýar. Alym şäheriň ykdysady we durmuş-medeni taýdan ösendigini görkezýär. Orta asyr şäherlerine mahsus bolşy ýaly, Abiwerd Erk galadan, Şähristandan we Rabatdan ybarat bolupdyr. Şäheriň meýdany 42 gektardan ybarat bolup, Erk galasy şäheriň demirgazyk-gündogar diwarynda ýerleşýär we 10,5 gektar meýdany tutýar. Şäherde ösen söwda merkezleri, bazarlar, senetçileriň, küýzegärleriň, ussalaryň ussahanalary we ýaşaýyş toplumlary, ösen suwaryş toplumlary bolupdyr. Şäheriň demirgazyk-günbatar böleginde berk diwar bilen gurşalan, ýigrimi sany beýik minaralary bolan şäher häkimliginiň galasy ýerleşipdir.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Abiwerde uzak-ýakyn ülkelerden, Horezmden, Margianadan, Dehistandan, Hindistandan, Hytaýdan ýükli kerwenler gelipdir, söwda-satyk, alyş-çalyş işleri ýola goýlupdyr.
Taryhy çeşmelerde, iň gadymy ýazuw ýadygärligi hasaplanýan kitaplardyr ýazgylarda Abiwerd şäheriniň ady ýygy-ýygydan duş gelýär. Antik döwürde-de, Parfiýa patyşalygy zamanynda-da, soňraky Seljuklar imperiýasy döwründe-de, orta asyrlarda-da Abiwerd ýa-da Bawerd köp ilatly ösen şäher, galalary, rabatlary özünde jemleýän merkez hökmünde bellenýär. Şol galalaryň içinde Abiwerdiň “Hysrowgalasy’’ taryhda uly yz galdyran gala hasaplanýar. Hysyrowgala medeni gatlaga örän baý bolan bu taryhy-arheologiýa ýadygärligi Kaka etrabynyň çäginde, Gowşut demir ýol duralgasynyň 1,5 kilometr günorta-günbatar tarapynda ýerleşýär. Äpet depe bolup galan bu taryhy-arheologik ýadygärlik şähristan, köşk hem rabatdan ybarat bolupdyr. Alty gyraňly köşk belentligi 15 metre barabar bolan depäniň üstünde gurlupdyr. Gala çig kerpiçden we pagsadan bina edilen galyň gala diwary hem-de goranyş diňleri bilen gurşalypdyr. Onuň gündogar tarapynda ýeke-täk derwezesi bolupdyr. Bu gala taryhy-medeni gatlaga baý. Bu ýerde irki gul eýeçilik zamanasyndan tä giçki orta asyra çenli ýaşaýyş dowam edipdir diýip alymlar belleýär. Bularyň hemmesi Abiwerdiň ilatynyň beýleki şäherler bilen ýygjam, ysnyşykly ykdysady gatnaşyklary saklandygyna şaýatlyk edýär.