Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /75 ýyldan soňam unudylmady
  05.05.2020
849
75 ýyldan soňam unudylmady

     Asuda asman, parahat zemin, erkana guşlar, çaga gülkisi, bolelinçilik, bagtyýar zamana göräýmäne bu bir adaty ýagdaý. Emme şeýle günler kimleriň arzuwy, kimleriň nesibi. Duýgular ýumagny çözleseň çözüler gider. Esasy mesele öňümizdäki şanly sene barada. Bu günki gün biz şu parahatçylygy gazanan ýeňişi , has dogrysy “Beýik ýeňşiň 75 ýyllygyny” baýram edip belleýäris. Ýöne uryşsyz ýeňiş bolmaz, pidasyz uruş ... 

        Bäş müň ýyllyk taryhy bolan türkmen halky şu bagtyýar zamanany arzuwlap gör nämelere sezewar edilmedi. Bir gapdallary Göçha-göçlik bilen ýanaşyp, beýleki tarapy söweş bilen badaşan ata-babalarymyz şu güne çenli asuda diýaryň hatyrasyna niçiksi pidalary çekipdirler. Watan üçin edilen söweşleri ýatlasak sanardan kän, ýöne gaty uzaga gitmezden taryha ser salanmyzda ýetmiş bäş ýyl mundan ozal bolup geçen “Beýik watançylyk urşy” ykbala degen gara tegmil kimin oýulyp dur. 1941-1945-nji ýyllar aralygynda bolan bu uly söweş barmak basyp sananyňda egsik bäş ýyl hasby görkezýär. Ýöne şol ýyllarda her bir jan bäş ömürlik azaba duçar bolupdyr. Bu wagşyýana adam gyrgynçylygy ata-babalarmyz “Uruş”- diýip atlandyrypdyrlar. Şu zatlaryň üstesine  uryş diýilýän bela ýeke gelmedi. Açlyk, keselçilik, ýeter-ýetmezlik, harabalyk, kemsidilmek, aýralyk, ýalňyzlyk, adalatsyzlyk, agyr zähmet, uly ýitgi hemmesi edil seçme ýaly adamlaryň başyndan inipdir.Dünýä halkalry bilen bir hatarda türkmen ýigitleri bu agyr ýyllaryň pidasy bolupdyrlar.  Ilki-ilkiler her öýden bir adam soň-soňlar tutyş erkek göbeklileri, murtytaban ýigitlerden başlap, gojalara çenli söweşipdirler. Jeň meýdanynda türkmen ýigitleri mertligiň iň belent nusgasyny görkezen bolsalar, tylda galan zenanlar zenan gaýratlylygyny görkezipdirler. Adamlaryň başyndan inen bu bela näzik ýada çaga ejiz diýip saýgarmandyr. Keşde çeken sülik barmaklar, keş çekip pakga-pakga ýarylsa, çagalygy haýp bolan çagalar açlyk bilen göreşipdirler. Her ýylky harmanyň ýeke dänesi yrýa edilmän fronta ugradylypdyr. Mundan başgada türkmeniň milliligi siňen türkmen gelin-gyzlarynyň şaý-sepleri ok bolup duşmanyň ýüregi ýarypdyr. Ol aýylganç ýyllarda söweş dürli-dürli görnüşde, dürli-dürli ýerlerde dowam edipdir.  Oda-suwa dözmän kemala getiren çagasyny bir bölek eplenen üç burç hata çalşan enäniň agysyny, atasynyň, kakasynyň haçanam bolsa dolanjagna ynanyp ýaşaýan ýetim çagalaryň agysyny, taýly başly başlan ojagynda bir özi hem ata, hem ene bolan baýdak ýaly gelinleriň agysyny sözler beýan edip bilmez. Agysyna aglap dynyp bolmaýan, beýany söze sygmaýan şol ýyllarda urşa gidenleriň, tylda galanlaryň ählisiniň maksatlary birdi. Her edip-hesip edip şu mukaddes Watany duşman aýagyna depgiletmezlikdi. Şeýle günlerde türkmenleriň iň uly ýaragy agzybirlikdi. Maksady bir agzybir iliň myrady maksat tutyp ýeňiş gazanyldy. Onda-da niçiksi ýeňiş. –Gelýälereýý, gelýälerr-diýip garşylanan adamlar, giden adamlaryň ondan bir bölegem däl ahyrn. Watanyň abraýny egnine alyp giden ýigitleriň kimsi ellerini, kimsi aýagyny söweş meýdanynda goýup gaýtsa, kimler duşmanyň awuly okyny ýüreginde, beýnisinde göterip geldi. Kimler welin gelmedi...

      ...Şol agyr ýyllaryň janly şaýatlary bolan uryş weteranlary az-az. Döşi orden-medally ak saçly, eli-ýüzi ýygyrt-ýygyrt bolan gojalaryň gözlerinde heniz-henizlerem ujgynjyklar syçrap durana meňzeýär. Ynha inni niçe ýyldyr azap çekip, güzap bilen gazanylan bu ýeňiş dünýä halkalarynda, türkmenleriň topragynda  ýetmiş bäş ýyl bäri baýram edilip bellenilýär. Baýram güni säher bilen Uryş weteranlary ýadigärliklere gül desselerni goýýarlar. Şol pursat olar meniň üçin ýadygärlige öwrülip giden adamlaryň ruhlarna “Gül diýaryň gülleri bu. Asman asuda, zemin parahat. Yhlasa-myrat. Ýurt abadan”-diýip yşar edýän ýaly bolýa.  Biziň beýik pederlermiz, ata-babalarmyz parahatçylygy gorap, ölmez-ýitmez şöhrat gazandylar. Biz bu gün özümiziň merdena ata-babalarmyzyň söweş edermenligini we ak ýürekden çeken zähmet bilen külli adamzadyň öňünde bitiren beýik işlerine tüýs ýürekden guwanýarys. Dünýäde baky parahatçylygy pugtalandyrlyp, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrynda Belent Serkerdebaşymyz Gurbanguly Berdimuhammedow uly-uly işleri amala aşyrýar. Goý Mähriban Arkadagymyzyň saýasynda ýyldan-ýyllar bereketli gelsin, toýlar tutylyp aýdyp aýdylsyn. Çaga gülkileri, erkana guşlaryň sesi ýaňlanyp dursyn. Sizi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy bilene ýene-de  bir gezek tüýs ýürekden gutlaýan! Baýramyňyz gutly bolsun!