Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol! ✦ ✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ugurdaş çäreler geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet dabarasy ✦ ✦ Hazarýaka döwletleriň ekologik gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /31-nji maý — Temmäkä garşy bütindünýä göreş güni
  31.05.2023
772
31-nji maý — Temmäkä garşy bütindünýä göreş güni

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ilatyň saglygyny goramak döwletimiziň baş wezipesi bolup durýar. Bu ugurda toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Şolaryň biri-de temmäki önümleri bolan nasa we çilime garşy göreş çäresidir.

Her ýylyň 31-nji maýynda Bütindünýä çilimkeşlige garşy göreş güni hökmünde bellenilip geçilmegi tötänden däldir. Temmäki tüssesi öýkene, dem alyş ýollaryna, ýürege, gan-damar ulgamyna zeper ýetirýär. Çilimiň köp çekilmegi demgysma keseline, täze döremelere getirmek ähtimallygyny ýokarlandyrýar. Temmäkiniň düzüminde nikotin, uglerodyň okisi, sinil kislotasy, uglekisliý gaz, organiki kislotalar bolmak bilen, olar çilim çekýänleriň saglygy üçin juda howpludyr. Bilermenleriň nikotine nerw zäheri diýmeklerinde düýpli many bar.

Çilimiň adam bedenine, saglygyna ýetirýän zyýany has uludyr. Halk arasynda çilimkeşler barada «Çilimkeşiň hem içi ýanar, hem daşy» diýen aýtgynyň döremegi tötänden däldir. Temmäki tüssesinde 4 müňden gowrak himiki madda (aglabasy zäherli) bolup, olar adam bedenini hem içden, hem-de daşdan zäherleýärler. Onuň adam bedenine daşky täsiri: dişleriň saralmagy, olaryň owranyp dökülmegi, dodaklaryň jaýrylmagy, endamyň derisiniň solgun reňkde bolmagy, saçyň öz öwüşginini ýitirmegi, dyrnaklaryň döwülmegi hem-de bu görnüş endamyndan, saçyndan, eşiklerinden gelýän ys bilen utgaşyp, çilimkeşe ýigrenç döredýär. Yzygiderli ulanylanda çilimiň içden edýän täsiri adam bedeninde, dodaklarda, agyz boşlugynda ýaralaryň döremegine, iýmit siňdiriş hadysasynyň, maddalaryň alyş-çalşynyň bozulmagyna, bronhyň, böwregiň, bagryň, öýkeniň, gyzylödegiň, aýallarda jyns agzalarynyň howply çişlerini döretmäge ukyplydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda zyýanly endiklere garşy barlyşyksyz göreş alnyp barylýar. Ýurdumyzda hem çilimiň, nasyň ynsan saglygyna zyýanlydygy baradaky wagyz-nesihat çäreleri giň gerimde ýaýbaňlanýar. Goý, türkmen halkynyň sagdyn durmuşy ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!  

 

Atamyrat ANNAÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.