logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Zyýanly mör-möjeklere garşy gurçukly gel oýlap tapdylar
  22.04.2024
909
Zyýanly mör-möjeklere garşy gurçukly gel oýlap tapdylar

Şweýsariýanyň Newşatel uniwersitetiniň we CABI uniwersitetiniň talyplary, şweýsariýaly alymlar zyýan beriji mör-möjeklere garşy täze alternatiw önümi – genetiki taýdan üýtgedilen nematodlary öz içine alýan gel döretdiler.


 

Talyp Patrik Fallet CABI uniweristetiniň alymy Dr Stefan Toeper bilen bilelikde mekgejöweniň köp öndürilýän, emma zyýan beriji mör-möjekler sebäpli kynçylyk çekýän daýhanlar bilen Ruanda döwletinde 4 barlag geçirdiler. Netijeler, onuň gel bilen bejerilmedik gözegçilik meýdanlary bilen deňeşdirilende, gurçuklaryň sanyny azaltmakda 50% has täsirli bolandygyny görkezdi. Şol bir wagtyň özünde gel bilen bejerilen meýdanlaryň her gektaryndan bir tonna köp hasyl alyndy.


 

Mekgejöweniň içine ulanylýan nematodlaryň gel formasynyň häzirki wagtda iň geljegi uly goşundydygy we pestisid spreýlerinden täsiriniň ýokary boljakdygy mälim edildi.


 

Nematodlar toprakdan çykarylanda Günüň täsirine ölýärler, şonuň üçin hem olary ösümlik ýapraklary, ýagny zyýankeşleriň köpüsiniň iýýän bölegi üçin ulanmaly däldir. Şol sebäpli alymlar gurçuklary zäherli däl, biodegrirlenip bilinýän karboksimetilsellýuloza geline salmak kararyna geldiler.


 

Gelde zyýanly himiki maddalar ýok hem-de daşky gurşawa we adamlara zyýansyz we mör-möjekler oňa öwrendekli bolmaýar. Ýene bir artykmaçlygy – ol tygşytly. Alymlar gidrogeliň täjirçilik görnüşiniň adaty pestisidlerden arzan boljakdygyny aýdýarlar.

Gapur Ýagmyrow,
Türkmen oba hojalyk instituty
Agronomçlyk fakultetiniň talyby.