Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Garaşsyzlyk — bagtyň we ösüşleriň gözbaşy ✦ ✦ Türkmen-hytaý gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Garaşsyzlyk — Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň binýady ✦ ✦ Halk Maslahaty – halkyň belent maksadynyň beýany ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti BOMCA-10 maksatnamasynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Halk maslahaty — jebisligiň nyşany ✦ ✦ III Aziýa medeniýet festiwaly geçirildi ✦ ✦ Türkmen–Emirlik işewürler forumy geçiriler ✦ ✦ BMG-niň edaralarynyň Türkmenistan üçin 2026-2030-njy ýyllara ýurt maksatnamalary tassyklanyldy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — ähli üstünliklerimiziň özeni ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ýylgynlydepe
  15.06.2020
703
Ýylgynlydepe

     Arhielogiýa ýadygärligi Kaka etrabynyň Mäne baba obasynyň golaýynda, Altyn depeden 6 km. gündogar-günorta tarapda ýerleşýär. On dört gektara golaý meýdany bolan bu ýadygärlik b.e öňki 9-10 müň ýyllyklara degişli diýlip senelenýär. Irki ekerançylyk medenýetine  degişli bu gadymy menzil-mekanda biziň ata-babalarymyz eýýäm alty ýarym, ýedi müň ýyla golaý mundan ozal maldarçylyk, ekerançylyk hemde awçylyk bilen meşgullanypdyrlar. Şeýle-de olar jaý gurmak, çeper önümleri öndürmek ýaly medeni ösüşlere-de belli bir derejäde baryp ýetipdirler. Soňky ýyllarda bu ýadygärlikde alnyp barlan yzygiderli barlag işleri täze-täze açyşlaryň amala aşyrylmagyna mümkinçilikleri döretdi. 2014-nji ýylyň güýski möwsümi has hem şowly boldy. Ýylgynly depäniň gazuw-agtaryş işleri alnyp barylýan 3-nji gazuw pelinde 5 metre golaý çuňlukda 100 kw.m-den gowrak meýdanyň üsti açylanda b.e öňki dokuzujy müň ýyllygyň başlarynda ýaşan “ýylgynlydepeleriň” külalçylyk ussahanasy ýüze çykaryldy. Giň eýwanly we birnäçe otaglardan ybarat bolan ýöiteleşdirlen ussahananyň dünýädäki döwürdeş başga bir ýadgärliklerden şu çaka çenli hiç bir ýerde ýüze çykarylmandygyny nazara alanyňda, bu waka uly bir ylymy täzeleikdir. Şeýle ussahanalaryň bolan bolmagynyň mümkin diýlip ylymy çaklamalar aýdylyp gelinýän hem bolsa, iş ýüzünde şeýle ussahananyň ilkinji nusgasynyň Ýylgynlydepeden tapylmagy has ylymy ähmiýetli we buýsançly bir wakadyr. Ussahananyň meýdançasynda ýüzlerçe heýkeçikleriň, ikbaşlaryň we beýleki zatlaryň galyndylarynyň tapylmagy, şeýle hem ussalaryň toýundan çig kerpiçden ýasalan otugyçlarynyň, ammaryň, ojagyň we täsin nagyşly kürsiniň ýüze çykarylmagy gadymy hünärmenleriň gündelik işi, aň-düşünjeleri, şol döwüriň jemgyýetçilik durmuşyhakynda pikir ýöretmäge esas döredýär.

    Şu ýylyň güýzki möwsüminiň şeýle şowly tamamlanmagy bu ýadygärlikde düýpli ylymy-barlaglaryň dowam etdirilmeginiň zerurudygyny orta çykarýar.

      Ýylgyndepeden tapylan täsin tapyndylaery öwrenmek hemde rejeläp muzeýleşdirmek işine “Abywerd” goraghanasynyň tejribeli hünärtmenleri bilen bir hatarda paýtagtymyzdaky  Medeniýet institutynyň şu ugurdan bilim alýan talyplarynyň, ýaş mugallarynyň işjeň gatnaşýandygy guwançly bir ýagdaýdyr. Bu döwlet ähmiýetli taryhy-medeni miras türkmen halkynyň guwanjydyr.