Ata Watanymyz Türkmenistan ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli maksatnamalaýyn işleriň geriminiň giňligi, gazanylýan üstünlikleriň, belent sepgitleriň guwandyryjy netijeleri Arkadagly Serdarymyzyň bagtyýar durmuşy üpjün etmegiň we ony pugtalandyrmagyň bähbidine alyp barýan tutumly başlangyçlarynyň aýdyň ykrarnamasydyr. Bu gün abadançylygyň nyşany bolup kalplara dolýan asylly ýörelgeler bagtyýar döwrümiziň mizemez ykrarydyr. Oňyn özgertmeleriň durmuşymyza ornaşýan döwründe ýurdumyzda «Açyk gapylar» syýasaty üstünlikli dowam etdirilýär. Ak mermer Aşgabat şäherimiz sebitde halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen ylalaşdyryjy merkezidir. Dünýä halklary bilen hormat-sarpany saklamak esasynda dostana gatnaşyklar has-da berkeýär. Ösüşiň belent sepgitlerini nazarda tutup, ýurdumyz dünýäniň ençeme abraýly halkara guramalary bilen köpugurly oňyn hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Dünýä ýüzünde nusga alarlyk, şöhratly döwletleri döreden halkymyzyň asylly ýörelgeleri döwlet syýasatymyzyň berkligini üpjün etmäge ýol açýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwerlige, parahatçylyk söýüjilige, abadançylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty täze üstünlikler bilen dabaralanýar, belent maksatlar bilen rowaçlanýar. Bu günki gün Bitarap Watanymyz sebit hem dünýä ähmiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Durnukly ösüş maksatlary, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit meseleleri boýunça daşary syýasy başlangyçlarymyz döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginiň umumadamzat ähmiýetli çözgüdine anyk goşant goşýandygyny äşgär edýär. Ýurdumyzyň halkara başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler tarapyndan yzygiderli goldanyp gelinýär. Milli mirasymyz halkara derejesinde ykrar edilip, olaryň ençemesi ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň görnükli sanawynda orun aldy. Bitarap Watanymyzyň daşary syýasaty parahatçylygyň ýoludyr, dünýä halklaryny dost-doganlyga çagyrýan ýoldur. Türkmen Bitaraplygy döwletimiziň parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatydyr. Ol ähli dünýä ýurtlary bilen dostlukly, ynsanperwer, medeni, syýasy-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge giň mümkinçilik döretdi. Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň, türkmen diplomatiýasynyň taryhy köklerine, binýadyna düşünmekde Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary möhüm görkeziji bolup çykyş edýär. Parahatçylyk, ynsanperwerlik tutuş taryhymyzyň dowamynda türkmen diplomatiýasynyň esasy ýörelgeleri, daýanç sütünleri bolup geldi. Şol mukaddes ýörelgelere eýerip, bu gün Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde parahatçylygy dörediji Bitarap döwlete öwrüldi. Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň düýp özeninde hem parahatçylygy döretmek sungaty bardyr. Häzirki wagtda eziz ýurdumyzyň tutuş dünýä ýüzündäki abraý-mertebesini has-da belende galdyrmak maksady bilen amal edilýän asylly işler Bitarap hem Garaşsyz ýurdumyzyň halkara jemgyýetçiligine içgin aralaşmagyna giň ýol açýar.
Şadurdy ORAZOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.