logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /“Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady
  22.08.2025
2077
“Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda geçirilýän bu çäre diňe bir çagalar üçin harytlar we hyzmatlary hödürlemek bilen çäklenmän, bilim-terbiýeçilik ulgamynyň hünärmenleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmagy üçin hem giň mümkinçilik berdi.

 

Açylyş dabarasynda döredijilik toparlarynyň çykyşlary boldy, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy diňlenildi. Sergä ýurdumyzyň hem-de BAE, Fransiýa, Hytaý, ABŞ, Russiýa, Türkiýe, Özbegistan ýaly ýurtlaryň 80-den gowrak kompaniýasy gatnaşdy.

 

Sergide çagalaryň saglygy, bilimi we döredijilik ösüşi üçin döwletimiziň alyp barýan işleri, şol sanda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň maksatnamalary görkezildi. Arkadag Medisina Klasteriniň önümleri, milli lukmançylyk serişdeleri, witaminleşdirilen çaga iýmiti, ýurdumyzyň dokma we okuw esbaplary, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň harytlary görkezildi.

 

Bilim merkezleriniň, sport federasiýalarynyň diwarlyklarynda ýaş nesilleriň kämilleşmegi üçin döredilen mümkinçilikler tanyşdyryldy. Serginiň çäklerinde kitap we bilim serişdeleri, döredijilik sapaklary, robotçylyk we mental arifmetika boýunça bäsleşikler, moda görkezilişleri, ussatlyk sapaklary we dürli oýunlar guraldy.

 

Çaga terbiýesi boýunça maslahatlar berilýär, iň gowy diwarlyga onlaýn ses bermek mümkinçiligi döredildi. “Kids EXPO” ähli ýaşdaky myhmanlara çagalygyň täsin dünýäsini açyp görkezýän we işewürlik hyzmatdaşlygy üçin hem amatly meýdança bolup hyzmat etdi.

 

Sergi 23-nji awgusta çenli dowam eder, ahyrynda gatnaşyjylara diplomlar gowşurylar.

 

Aýnur HUDAÝBERGENOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.