logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Syýasat /“Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” formatynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi
  23.08.2025
1265
“Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” formatynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” görnüşinde üçtaraplaýyn duşuşyk boldy. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Duşuşykda söwda-ykdysady, ulag, energetika hem-de ynsanperwer ugurlarda köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Özbegistan Prezidentiniň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, gepleşikleriň dowamynda üç ýurduň üstaşyr mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň we Hytaýy Günorta Aziýa, Ýakyn Gündogar hem-de Ýewropa bilen baglanyşdyrýan durnukly transkontinental geçelgäni döretmegiň ähmiýeti aýratyn bellenip geçildi.

 

Şol bir wagtda Orta geçelgäniň, şol sanda Zangezur geçelgesiniň ösüşi, döwletleriň arasynda söwda dolanyşygynyň giňeldilmegi, senagat hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi, lomaý-paýlaýyş merkezleriniň döredilmegi, önümleri sanly görnüşde bellige almak we umumy elektron platformalary ornaşdyrmak bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Ynsanperwer ugurda syýahatçylyk we medeni alyş-çalyş boýunça üçtaraplaýyn maksatnamany işläp taýýarlamak teklip edildi. Gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen, “ýol kartasyny” taýýarlamak we hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça ministrleriň yzygiderli duşuşyklaryny guramak boýunça teklip öňe sürüldi.

 

Duşuşygyň jeminde “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” görnüşindäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde resminamalaryň gol çekilişigi geçirildi.

 

Gyzlargül ANNAGURDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.