Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ýurdumyzyň dokma pudagy ösüşiň depginli ýolunda
  23.03.2023
846
Ýurdumyzyň dokma pudagy ösüşiň depginli ýolunda

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzyň dokma pudagy milli ykdysadyýetimiziň iň bir ýokary depginde ösýän ugurlarynyň biri hökmünde diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, halkara bazarlarynda hem bäsdeşlige ukyplylygy yzygiderli ýokarlanýar. Döwletimiziň hemme taraplaýyn goldamagy netijesinde dokma pudagy iň çalt ösýän pudaga öwrüldi. Häzirki wagtda ençeme dokma kärhanalary hereket edip, olar iri dokma toplumlary, pagta egriji we dokma öndürijiler, tikinçilik fabrikleri, ýüpegi gaýtadan işleýän kärhanalar, aýakgap fabrikleri, ýüňi we derini ilkinji gezek işleýän zawodlardan ybaratdyr. Pudagyň kärhanalaryndaky önümçilik-tehniki binýady täzelemek we içerki tebigy çeşmeleriň esasynda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça toplumlaýyn maksatnama hem işlenilip taýýarlanylýar. Bu çäreleriň ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň dokma pudagynda bar bolan kärhanalaryň täzeden enjamlaşdyrylmagyna we täze ýokary tehnologiýaly önümçilikleriniň döredilmegine mümkinçilik berer. Täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen bir hatarda öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak we olary ekologiki howpsuzlyk talaplaryna gabat getirmek meselelerine hem aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda öndürilýän dokma önümleriň uly bölegi GDA, Ýewropa, Aziýa ýurtlaryna we beýleki ugurlara eksport edilýär. Dokma senagatyny öňdebaryjy tehnologiýalar we ýurdumyzyň hem-de dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri esasynda depginli ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Tä­ze­çil hem kämil teh­no­lo­gi­ýa­la­ra esas­lan­ýan önüm­çi­li­giň gu­ral­ma­gy bi­len, aras­sa pag­ta sü­ýü­mi iň gym­mat­ly eks­port ha­ryt­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ýurdumyz te­bi­gy-ho­wa şert­le­ri bo­ýun­ça or­ta we in­çe sü­ýüm­li go­wa­ça­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek üçin amat­ly kün­jek bo­lmak bilen, soňky ýyllarda pag­ta sü­ýü­mi­ni gaý­ta­dan iş­le­mek ep-es­li ýokar­lan­dy­ryl­dy. Dokma toplumynda ön­dü­ril­ýän ýokary hilli önüm­le­r häzirki wagtda ýur­du­my­zda we da­şa­ry ýurtlarda uly meş­hur­ly­ga hem uly islege eýe bol­dy. Top­lu­myň kär­ha­na­la­ry dokma önümleriniň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni yzy­gi­der­li çy­kar­mak bilen, onuň öndürilişini hem ýokarlandyrýar. Pu­dak­da bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri do­ly de­re­je­de ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mekde netijeli iş­ler ama­la aşy­ryl­yp, çig mal üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak üçin de­giş­li çäreler ýola goýulýar. Ägirt uly se­riş­de­ler kuw­wa­ty­na eýe bol­ma­gy bi­len bag­ly­lyk­da, dok­ma se­na­ga­ty mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň gaý­ta­dan iş­le­ýän ul­ga­my­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Oba zäh­met­keş­le­ri­niň ös­dü­rip ýe­tiş­di­ren ak altynynyň dok­ma kär­ha­na­la­ryn­da gaý­ta­dan işlenilmegi ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da da­şa­ry ýurt­ly önüm­ler bi­len bäs­le­şip bil­jek ha­ryt­lar eme­le gel­ýär. Dok­ma pu­da­gy­nyň kuw­wa­ty­nyň has-da ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy ug­run­da iri ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy hem do­wam ed­ýär. Ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän ýo­ka­ry hil­li we eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa dok­ma önüm­le­ri­ni ýer­le­mek ba­bat­da hem giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mu­nuň üçin hä­zir­ki wagt­da maglumat-elekt­ron bin­ýa­dy dö­ret­mek iş­le­ri do­wam edip, onda dok­ma pudagynyň ösüşleri ba­ra­da de­giş­li mag­lu­mat­la­r ýer­leş­dir­ilýär. Ýur­du­my­zyň iri se­na­gat pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bo­lan dok­ma pu­da­gyn­da eks­port ugur­ly köp iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Dün­ýä­niň en­çe­me ýur­dun­da türk­men dok­ma önüm­le­ri­niň hy­ry­dar­la­ry yzy­gi­der­li kö­pel­ýär. Bu­la­ryň ählisi bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň alyp bar­ýan öň­den­gö­rü­ji­lik­li yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­sy­nyň uly üs­tün­lik­le­ri­dir.

 

Amangözel GURBANDURDYÝEWA,

Baýramaly agrosenagat orta 
hünär okuw mekdebiniň
II derejeli mugallymy.