logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Üzärlik tebigy melhem
  01.12.2020
1869
Üzärlik tebigy melhem

     Edebi dilde «üzärlik» ady bilen meşhur bolan bu dermanlyk özümligiň ady halk arasynda, esasan, «ýüz» we «ärlik» sözünden diýlip düşündirilmek bilen, onuň «ýüz ärlik», ýagny ýüz kişilik güýjüniň barlygy hakyndaky dermanlyk häsiýetinden ugur alynýar. Ylmy garaýyşlarda, bu ýerdäki «ärlik» sözüniň «däri, derman» manysyny berýän «därilik» sözüniň dilimizde ses özgermesine sezewar bolan görnüşidigine hem üns çekilip, onuň ýüz däriniň (dermanyň) ýerini tutup bilýän ösümlik manysynda dörändigi bu bu sözüň dilimizde «ýüz därilik-ýüzdärlik-ýüzärlik» ýoluny geçendigi hem bellenilýär.

         «Üzärlik halk lukmançylygynda «ýüzlerçe keseli» bejermek üçin ulanylýan has belli ösümlikdir». Hut şundan hem görnüşi ýaly üzärlik ösümligi halk lukmançylygynda  giňden ulanylypdyr. Umuman, dermanlyk häsiýetli bu ösümligiň ikinji «ärlik» böleginiň köküniň «dermanlyk» manysyny berýän «därilik» sözündendigini inkär etmez bolmaz. «Üzärlik» sözi dürli ýerlerde ýaşaýan türkmenleriň ýerli gepleşiginde her hili görnüşlerde duş gelýär. Dünýäde giňden ýaýran tçrkmenleriň gepleşiginde «adrasman» sözi «üzärlik» manysyny berýän söz hökmünde ulanylýar.

Adrasman aga, senmisiň,

Ýetmiş iki derde emmisiň!

-diýip, ol barada aýdylýan sanawaçda hem onuň köp derde em bolmak ýaly dermanlyk häsiýeti «ýetmiş iki» sözüniň üsti bilen ýüze çykarylýar.

         «Üzärlik» sözi derdiň üzülmegi-derdiň dep bolmagy bilen baglanyşykly manyny ýüze çykarýar. Bu degşirmeler «üzärlik» sözüniň, aslynda, «sersiňi üzýän», ýagny derdiňi dep edýän däri-derman manysynda dörändigine ylmy taýdan gol ýapmaga tutaryk berýär. Üzärlik türkmenleriň arasynda gadym zamanlardan bäri ulanylyp gelinýär. Ata-babalarymyz ony çogdamlap, öýlerinde asyp goýupdyrlar, wagtal-wagtal tütedip, tüssesini daş-töwerege ýaýradypdyrlar. Şeýdip birnäçe ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni alypdyrlar.