logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Politics /Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 6 sany daşary ýurtly raýatyň günäsi geçildi
  12.12.2023
1147
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 6 sany daşary ýurtly raýatyň günäsi geçildi

Türkmenistanda 302 türkmen raýatynyň, şol sanda daşary ýurtly 6 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsi geçildi.

 

 

11-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde halkara giňişlikde Türkmenistanda alynyp barylýan işler barada we meseleler barada gürrüň edildi.

 

 

Hormatly Prezidentimiz Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli türkmen halkyny şanly sene mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, iş kesilen 302 raýatyň, şol sanda daşary ýurtly 6 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permanlara gol çekdi.

 

 

Hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde, günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmek barada topar ýolbaşçysyna görkezme berdi.