Türkmen halkynyň ak bugdaýa, mukaddes çörege bolan hormaty juda belentdir. Türkmen öýüne myhman gelende öňi bilen oňa saçagyny ýazyp, duz-çörek hödür edýär. Maşgala binýadynyň ilkinji basgançaklarynda, gudaçylyk gatnaşygy açylanda, ilki bilen, içi çörekli saçak eltilýär. Täze jaýa göçülip barlanda bosagadan duz-çörekli ätlenilýär, döwletli işleriň başy başlananda-da ýa-da maşgalada biri uzak ýola sapara gitse-de ýoldaş hökmünde ýanyna çörek salynýar.
Pederlerimiziň ynsanyň naýbaşy höregi bolan çöregi mukaddeslik saýyp, maňlaýyna sylmagy ýöne ýerden däl. Ata-babalarymyzyň bu asylly ýörelgesiniň aňyrsynda daýhanlarymyza bolan uly hormat dur. Halkymyzyň nygmatlarynyň içinde mele-myssyk çörege taý geljegi ýokdur. Ol biziň durmuşymyzda diňe bir azyklyk däl, ýalňyzlykda ýoldaş, ejizläniňde güýç-kuwwat, kerem-keramatdyr.
Sada halkymyz jany gönenip, peýda tapan zadyny mukaddesleşdirip gelýär. Gapysyndaky duz-çörek taýýarlaýan tamdyr-ojagyny ilimiz kerem-keramat hasaplaýar. Enelerimiz çörek bişirenlerinde tamdyryň başynda ýagşy dilegler edip, kalbyna rahatlyk çaýypdyrlar. Sökellik tapynan birahat perzendini tamdyryň daşyndan aýlap, onuň sagdyn ösüp-ulalmagyny, ömrüniň uzak bolmagyny arzuwlapdyrlar.
Geçmiş taryhymyza ser salanyňda-da maşgalanyň gündelik biş-düşi, tamdyra çörek ýapmak ýaly hysyrdylary gyz-gelinler tarapyndan ýerine ýetirilipdir. Häzirki wagtda hem kärhanada çörek we çörek önümlerini öndürýän işçi topara ussat zenanlar halypalyk edýärler. Çörek kärhanasynda öndürilýän çörekleriň onlarça görnüşine alyjylar uly isleg bildirýärler. Olardan «galyp», «tamdyr», «barmak», «ahal», «ruhubelent» çörekleri, şeýle-de «bereketli», «höwesli», «toý külçe», «altyn däne» süýjüli külçeler we beýleki birnäçe süýji-köke önümleri özboluşly tagamy bilen tapawutlanýar. Bu önümler hünärine ezber, işine höwesli zenanlaryň yhlasly zähmetiniň ajaýyp miweleridir.
Türkmen maşgalasynda kendirik unsuz goýulmaýar. Içi urbaly kendirik öýüň berekedi, rysgaly we bolçulygyň alamaty diýlip yrym edilýär. Hamyrmaýa hem kendirikde daşyna un sepilip goýulýar. Eger hamyrmaýa gatan bolsa, onuň gaty ýerleri aýrylyp, ýumşagrak ýeri alnyp, maýasy täzelenýär.
Bilşimiz ýaly, öýüň bikesi öýde agzybirligiň bolmagyny dileg edip, çöregiň gyrasyndan başlap, ortasyna çenli dürtýär. Birinji çörek ýapyljak bolnanda: «Bismilla, Pir pugta, men ýapaýyn sen, togta» diýilýär. «Kirim uşaksyz, nanym kökesiz bolmasyn» diýýän türkmen zenany çöregiň gapdalyndan hökman köke hem ýapýar. Hemme çörek ýapylyp bolnandan soň, çöregiň ak suwuny bermeli. Ondan soň tamdyryň agzyny ýapmaly. Bu ýerde endige görä, hamyr edilen çanak hem bedreli suwdan alnyp ýuwulýar we tamdyryň üstüne düňderilýär. Ol tamdyryň ýylysyna guraýar.
Çörek bişirilende köçeden kimdir biri geçip barýan bolsa, şoňa hem hödür edilýär. Kökeler bolsa çagalara paýlanylýar. Tamdyryň içindäki çörekler bişensoň «Bismilla» diýip, tamdyryň içindäki közüň üstüne üç sapar suw sepilýär.
Maşgala we çaga terbiýesinde çörek mukaddesligi bilen baglanyşykly ata-babalarymyzdan gaýdýan özboluşly, üýtgeşik bir ýörelgämiz dowam edýär. Bu ýörelge ruhuňa täsir edýän parasatly pikirleri gursaklarda eşrepi deýin saklap, nesilden-nesle geçirip gelýär. Parasatly sözlerde çöregiň mukaddesligi durmuş bilen şeýle bir çuňňur baglanyşdyrylypdyr welin, haýran galaýmaly, ol kalbyňa berk köküni urýar.
Çörek bilen baglanyşykly ynançlaryň birnäçesi kalbymyzda mäkäm ýer edinipdir. Meselem, çöregiň iki tarapyndan bölseň ýa-da saçakda düňderip goýsaň rysgyň kemeljekdigi, bölen çöregiňi görmän ikinji gezek hem bölseň, myhman gelýändigi, tamdyryň, ojagyň, hamyryň başynda saç daramagyň, çöregi ýeke eliň bilen bölmegiň, çöregiň üstünden ätlemegiň günädigi, toýa jübüt, ýasa täk çörek äkidilýändigi uzak ýyllaryň jümmüşinden geçip, kada hökmünde ykrar edilipdir. Seredip görseň, bu ynançlaryň hersi belli bir ýagdaýy suratlandyrýar. Bu gün Türkmenistan — çörekli ýurt. Ýurdumyzda güýzlük bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleriniň birnäçesi ýetişdirilýär. Uly iliň soltany hasaplanylýan bugdaýyň unundan ýokary hilli çörekler bişirilip, ilata hödürlenilýär. Çörek bolelinligiň, abadançylygyň we rowaçlygyň nyşanydyr. Tamdyrlarymyzdan çykan Gün ýaly tes-tegelek, gyzgyn çörekler bereketli saçaklarymyzda bagtyýar durmuşymyzyň güwäsi bolup has-da nurly görünýär.
Atajan EÝÝUPOW,
habarçy, žurnalist.