logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Sports /Türkmen karateçileri «Arkalaşyk kubogy» atly halkara bäsleşige gatnaşýar
  23.12.2025
480
Türkmen karateçileri «Arkalaşyk kubogy» atly halkara bäsleşige gatnaşýar

Türkmenistanyň kiokuşinkaý karate boýunça milli ýygyndy topary 19–21-nji dekabr aralygynda Özbegistanyň Nowaýy şäherinde geçirilýän «Arkalaşyk kubogy» atly halkara bäsleşige gatnaşýar. Bu halkara bäsleşik dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen ussat karateçileri bir ýere jemläp, ýaryşa aýratyn ähmiýet berýär. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

 

Türkmenistanyň adyndan üç türgen çykyş edýär. Topar tälimçi Meýlis Paşagulyýewiň ýolbaşçylygynda çykyş edýär Türkmen pälwanlary Aziýanyň, Ýewropanyň we Afrikanyň güýçli türgenleri bilen duşuşarlar.

 

Milli ýygyndy toparymyz ýaryşa gatnaşmazdan öň güýçlendirilýän okuw-türgenleşik çärelerini geçirdi. Bu taýýarlyk tapgyry olaryň taktik, tehniki we beden taýdan taýýarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirildi.

 

Türkmen türgenleriniň çykyşlary ýurdumyzdaky kiokuşinkaý karate hereketiniň ösüşine, halkara hyzmatdaşlygynyň giňelmegine hem-de ýaş pälwanlaryň sporta bolan gyzyklanmasynyň artmagyna goşant goşar diýip garaşylýar.

 

Kuwwat ATAÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.